Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda ätiýaçlandyryş işini mundan beýläk hem özgertmek, giňden ýaýbaňlandyrmak ugrunda birnäçe möhüm işler ýola goýulýar. Ätiýaçlandyrylýanlaryň isleglerinden we halkara ölçeglerinden ugur alnyp, Türkmenistanyň Döwlet ätiýaçlandyryş guramasy öz işini barha kämilleşdirýär. Ätiýaçlandyryş ýurduň ykdysadyýetini ösdürmek we pudaklar, ulgamlar boýunça durnuklylygyny üpjün etmek bilen bir hatarda, fiziki we ýuridik şahslaryň ätiýaçlandyryş halaty bilen baglanyşykly ýüze çykýan ýitgileriň öwezini dolmak, töwekgelçilikli ýagdaýlarda raýatlaryň kanuny bähbitlerini goramak ýaly, möhüm wezipeleri ýerine ýetirýär.
Häzirki wagtda ilata hödürlenilýän ätiýaçlandyryş hyzmatlarynyň hilini gowulandyrmak, müşderilere amatly şertleri döretmek, internet torunyň üsti bilen “Online” ulgamy arkaly arzalary kabul etmek we baglaşylýan ätiýaçlandyryş şertnamalarynyň töleglerini geçirmek hem-de raýatlara Türkmenistanyň Döwlet ätiýaçlandyryş guramasy boýunça ätiýaçlandyryş gatanjynyň kesgitlenen töleglerini “Altyn asyr” plastik kartlary arkaly nagt däl görnüşinde tölemek mümkinçilikleri döredildi. Türkmenistanyň Döwlet ätiýaçlandyryş guramasy müşderilerine emläk, şahsy we jogapkärçilik bähbitleri bolan hökmany döwlet ätiýaçlandyryşyň 6 görnüşini, meýletin ätiýaçlandyryşyň 55 görnüşini hödürleýär. Welaýatlardaky, etraplardaky ätiýäçlandyryş guramalaryna gelip ýa-da ätiýaçlandyryş wekilleriniň üsti bilen gysga möhletde hem-de amatly şertlerde şertnamalary baglaşmaga ähli mümkinçilikler döredilýär. Şeýle-de resmi web-saýtynyň üsti bilen arza berip, onlaýn töleglerini amala aşyrmaga mümkinçilik döredilendir.
Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda alnyp barylýan ätiýaçlandyryş ulgamy ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň durnukly ösdürilmegine, ykdysady mümkinçilikleriniň artdyrylmagyna raýatlarymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertleriniň mundan beýläk hem ýokarlandyrylmagyna gönükdirilendir. Ätiýaçlandyryş işi bilen bagly gatnaşyklary hukuk taýdan düzgünleşdirmek we ätiýaçlandyryş işini netijeli alyp barmak ugrunda döwletimiz tarapyndan alnyp barylýan işler guramanyň işjeňliginiň artmagyna uly ýardam berýär.
Çary AGAÝEW.








