Welaýatymyzyň beýleki etraplarynda bolşy ýaly, Sakarçäge etrabynyň “Watan” daýhan birleşiginiň pagtaçy kärendeçileri hem gowaçanyň bereketli hasylyny kemala getirmek üçin gijelerini gündiz edip, meýdanda zähmet çekdiler. Bu günki günde çekilen zähmet özüniň ajaýyp netijesini hem berdi. Şu günler olar pagta meýdanlarynda ýetişdirilen hasyly ýygnamak işini gyzgalaňly dowam etdirýärler. Hojalygyň pagtaçy kärendeçileri hasyly ýygnamakda el güýji bilen birlikde pagta ýygýan maşynlaryň kömeginden peýdalanýarlar.
Golaýda TDP-niň etrap komitetiniň işgärleri bilen döredijilik toparymyz bilelikde daýhan birleşiginiň pagta meýdanlarynda boldy. Bu ýerde hormatly Prezidentimiziň oba hojalyk pudagyny has-da ösdürmek boýunça alyp barýan işleri dogrusynda gürrüň edildi. Şeýle-de, pagtaçy kärendeçileriň ýardamçysy bolýan öňdebaryjy kombaýnçylara TDP-niň etrap komiteti tarapyndan ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy.
Durdynabat BAÝRAMOWA.








