Hormatly Prezidentimiziň türkmen halkynyň bagtyýar, abadan durmuşda ýaşamagy ugrunda edýän taýsyz tagallalary üstünliklere beslenip, il-ýurt bähbitli bu işlerde arhiw edaralarynyň işgärlerine hem jogapkärli wezipeler ynanylýar. Türkmenistan döwlerimiziň baky Bitaraplygynyň 30 ýyllygynyň toýlanylýan ýylynda Türkmenistanyň arhiw gullugynyň döredilmegine 100 ýyl dolýar. Bu taryhy döwrüň içinde arhiw ulgamynda köp sanly gymmatly resminamalar toplanyldy, olardan netijeli peýdalanyldy we peýdalanylýar.
Biziň welaýat döwlet arhiwimizde esasan hem Türkmenistanyň Milli arhiw gaznasyny kagyz esasly resminamalarynyň doly toplumy bilen baýlaşdyrmak, döwlet arhiwinde arhiw resminamalarynyň saklanylmagy üçin oňaýly şertleri döretmek, olary abat saklamak, döwlet we pudaklaýyn arhiwlerde TMAG-nyň resminamalarynyň döwlet tarapyndan hasaba alnyşyny kämilleşdirmek bilen bagly degerli işler alnyp barylýar. Edaralaryň, guramalaryň pudaklaýyn arhiwleriniň iş dolandyrylyşynyň guralyşyny we ýagdaýyny gowulandyrmakda, arhiw resminamalaryndan hemmetaraplaýyn peýdalanmak boýunça işler alnyp barylýar. Biz jogapkärli işimiziň netijesiniň hemişe ýokary hilli bolmagy we işleriň raýatlar bilen sazlaşykly guralmagy ugrunda aladalanýarys. Ýüz tutmalar bilen iş alyp barylanda gelýän raýatlary güler ýüz bilen garşylap, olar bilen sowal-jogap alşylýar. Döwlet arhiwinde we ýerlerde arhiw resminamalary arkaly sergiler, gezelençler, okuw sapaklary yzygiderli geçirilýär.
Bize asuda durmuşda işlemäge, döretmäge giň mümkinçilik döredip berýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş aýdarys.
Gülşat ŞUKUROWA.