Gadym eýýamda bir baý söwdagär ýaşap geçipdir. Ol ölmezinden öň ýeke-täk ogluny ýanyna çagyryp, oňa üç sargyt we bir syrly hat galdyrypdyr.
Söwdagär ogluna:
— Oglum, men aradan çykanymdan soň kyn güne düşseň, şu üç wagyz-nesihaty berjaý etgin:
— Iýen naharyň diňe bal ýaly süýji bolsun.
— Ýatjak ýeriň diňe ýumşak ýüpek bolsun.
— Bir obadan beýleki oba geçeniňde, hemme ýerde özüňe öý edin.
Eger bu üç zat saňa kömek etmese, şonda ammaryň burçundaky gizlin guta seret, onda iň soňky maslahatym bar — diýip, dünýäden ötüpdir.
Köp wagt geçmänkä, ogly atasyndan galan ähli mal-mülki sowup-sowurtlap, garyp düşüpdir. Atasynyň wesýetine ýalňyş düşünen ýigit diňe bal-şeker iýipdir. Diňe ýüpek düşeklerde ýatypdyr we her obada öý satyn alyp, bar puluny sowup ýörüpdir.
Ahyry elinde hiç zat galman, halys surnukýança zähmet çekmäge mejbur bolupdyr. Günuzyn meýdanda agyr zähmet çekip, agşama golaý öýüne dolanyp gelende halys ýadanlygy üçin öýündäki gury gara çörek akylyňy haýran galdyrjak derejede bal ýaly süýji bolupdyr.
Ýadawlykdan ýaňa gaty ýerde hem edil ýumşak ýüpekde ýatan ýaly süýji uka gidipdir.
Irden goňşy oba gidende bolsa baran ýerinde ony atasynyň dostlary uly hormat bilen garşylap, öz öýlerine myhman çagyrypdyrlar.
Şondan soň oglan atasynyň özüne durmuş baradaky öwütlerine düşünipdir. Şonda-da atasynyň goýan bukjasyndaky syrly ýazgyny okap görmegi müwessa bilipdir.
Ýigit atasynyň syrly hatyny açyp görende bolsa, onda şeýle ýazgy bar eken: “Oglum, ajykman iýseň iň süýji nahar hem ajy bolar, ýadap iýseň daş hem ýumşak görner. Dostuň köp bolsa, her obada öýüň bar diýmekdir. Çyn hazyna mülkde däl, zähmetdedir we dostlukdadyr.
Tymsalyň hikmeti:
Adam diňe zähmet çekip, der dökenden soň nagt lezzeti duýýar we dynç almagyň hakyky gadyryny bilýär.
“Öý edinmek” diýmek bolsa maddy bina gurmak däl-de, adamlar bilen hoşniýetli gatnaşyk etmekdir.
Paýhasly sözlere diňe dilden däl, akyl we tejribe bilen düşünmek möhüm.
Ogly bu zatlara diňe öz başyndan geçirip düşünipdir.
Taýýarlan
Amanmyrat ÝAMADOW.








