Gündogaryň beýik akyldary Mäne babadan: “Kimleri göwün sandygyna sygdyrmaly däl?” diýip soranlarynda, ol şeýle jogap beripdir:
— Binamyslary, ýalynjaň bilen ýalançyny.
— Gorkaklar bilen lebzi haramlary.
— “Dünýä biziňki!” diýip, donuna sygmaýanlary.
— Ulynyň ýanynda kiçelip, kiçiniň ýanynda ulalýanlary.
— Sözüniň yzynda durup bilmeýänleri.
— Iýen duzuny ödemeýänleri.
— Hakykatyň ýüzüne dogry bakyp bilmeýänleri.
— Ejize ganymlary.
— Kişiniň zadyna göz gyzdyryp, ogurlyk edenleri pederlerimiz namart hasaplapdyrlar.
***
Bir gezek Keýmir serdardan: “Adamy iýýän zat näme?” diýip sorapdyrlar. Ol bolsa:
— Adamy iýýän zat nebisdir, haýany iýýän zat hantamaçylykdyr, utançsyzlykdyr — diýip, jogap beripdir.
***
Danalaryň birinden: “Iň ýiti, iň ýek ýigrenilýän we dagdan agyr ýük näme?” diýip sorapdyrlar. Ol şonda:
— Iň ýiti zat çeper sözdür, iň ýek ýigrenilýän zat göriplikdir. Dagdan agyr zat bolsa gybatdyr — diýip, jogap beripdir.
Toplan
Annamyrat BERDIMYRADOW.








