Terbiýe meselesinde ata-babalarymyzdan miras galan pähim-paýhaslar, nakyllar we şahyrlarymyzyň öwüt-ündewe ýugrulan goşgulary tapylgysyz hazyna bolup durýar.
Aryf şahyryň “Nesihatnama” kitabyndaky şu öwüt-nesihatlar hem hiç birimiz üçin artykmaçlyk etmese gerek.
Ýigidiň her ýerde lapy keç bolar,
Dogan atly demir gala bolmasa.
***
Ýagşy iş gelmese eger eliňden,
Ýagşy niýet dilde bar bolsa ýagşy.
***
Ýaby ýüwrüp, bedew bilen deň bolmaz,
Haky köp ýat etseň, köňül zeň bolmaz.
***
Ýamanlary görseň, guş bolup gaçgyn,
Ýagşylary satyn algyn pul bilen.
***
Her kim etse hyzmat pir-u-ussada,
Elbetde, ýetişer maksat-myrada.
***
Eý, musahyplar, ýaş oglan,
Misli gyzyl güle meňzär.
***
Her daýhan ekse harbuza,
Magşar güni soltan bolar.
***
Hergiz dönmäň dogry ýoldan,
Pul-syrat inçedir gyldan.
***
Ýagşy söz dür bolar, bilen adama,
Dür gadryn bilmäge adam gerekdir.
***
Asly päkize adamdan,
Bir ýaman, ýowuz iş çykmaz.
***
Ýagşy bolsaň, ýatan ýeriň jennetdir,
Ýaman bolsaň, ýatan ýeriň nar bolar.
***
Bimagny akmak adamyň,
Pişesi melamat bolar.
***
Aşna tapdym diýip, köňlüň hoş edip,
Dost bolmagyn, synaşmadyk ýat bilen.
Toplan
Annamyrat BERDIMYRADOW.








