Atlary taryhyň nagşy bolan Görogly beg, Keýmir serdar, Gowşut han kimin il agysyny aglan ärler, kätä-käte halky gyran-jyrana berýän ganymlar bilenem «gamyş köpri» gatnawyny saklap, toýuna-tomaşasyna gatnaşyp, serpaý donlaryny, tarhandökerlik hakyny alyp, horjunyna gapgarar ekenler. Nökerleri geň galyp garanda bolsa: «Berenden al, urandan gaç. Bu pullary nida pula saklarys, haýyr pula ýaradarys, kömek pula paýlarys, halys-alla bolmasa oňar-oňmaza, ýeter-ýetmeze sadaka bereris. “Akjany (puly) saklarlar gara gün üçin. Pulum bar — dilim bar. Pul tapylsa saklamaga ýer tapylar» diýipdirler...
...Rowaýatlarda, garrylaryň gürrüňinde gabat gelýän nida puly, puşmana puly, haýyr puly, derek puly... kimin ýüz ýyllarça mundan ozal ulanylan sözleriň manysy barada köne kitaplary agtaryp, huşy metda gojalar bilen gürleşip, ýazga geçirdim.
Puşmana puly — el urlup edilen söwda gaýtarylanda kemter berilýän pul.
Kömek puly — tebigy betbagtçylyga uçralanda giden-gitdi berilýän pul.
Haýyr puly — gelin, öý, at aljaga edilýän goşant, yzyna geljegi-gelmejegi gümana pul.
Hun puly bilmezlikde birewe zyýan ýetirilse, ýa synasyna şikes düşse tölenipdir.
Zamun puly ýesir düşeni zyndandan boşatmak üçin tölener eken.
Sadaka puly dini düşünjä görä, saglygy bela--beterden goramak, ýa bir işiň şowlamagy üçin metjide, müjewüre, şyha, oňar-oňmaza berilýär.
Derek puly — ýöriş wagty hökümdarlaryň gory azalanda tylla-kümüşe derek ulanylýan daşdan, agaçdan, ham-deriden edilýän wagtlaýyn pul.
Nida puly halkyň başyna güýçli ganym dökülende, il-ýurt abatlygyny satyn almak üçin saklanar eken. Gowşut han nida puluny Durdyly mollada goýýar eken.
Serpaý puly il-halk, Watan bähbitli iş bitirene berilýär.
Sowgat puly sahy, jomart adamlaryň goňşularyna, obadaş-watandaşlaryna eçilip paýlaýan puly.
Türkmen aganyň döwletli ýol-ýörelgesine nazar aýlasaň, özi atly, nebsini pyýada ýöreden eždatlarymyzyň — bezirgendir begleriň, täjirlerdir tütjarlaryň Watan, il-halk bähbidi öňe düşende hany-manyny orta goýandygyny görüp, guwanjyňa alkyş okaberýärsiň.
Döwletmyrat JUMADURDYÝEW.








