Asylly däbe öwrülen “Ýol hereketiniň howpsuzlygy — ömrümiziň rahatlygy” atly biraýlygy guramaçylykly barýar. Bölümçämiziň işgärleri berk gözegçiligi ýola goýup, köçe-ýol hereketiniň howpsuzlygyny üpjün etmekde uly tagallalary edýärler.
Mekdeplerde guraýan duşuşyklarymyzda ýol hereketiniň howpsuzlygynyň çagalar üçin has derwaýys düzgünlerini öwredýäris. Köçe-ýollarda hemişe seresaply bolmagyň wajypdygyny düşündirýäris. Ýaş nesliň şu günki öwrenenleri bolsa, uly geljekleri üçin tapylgysyz hazynadyr. Köçe-ýollara berk gözegçiligi ýola goýmak bilen, soňky ýatlanlarymyzyň utgaşykly alnyp barylmagy gowy netijesini berýär.
Baýram KERIMOW.








