Gijeler juda gysga. Daň agardygy Gün ýiti naýzalaryny Zemine dikýär. Säher bilen howa birneme salkyn bolsa-da, guşlukdan soň, Günüň neşderleri depäňi deşip barýar. Emma bu paslyň özüne ýetik täsinligi, ajaýyplygy bar. Hasam çagalar bilen wagtyň nädip geçenini bilip bolanok.
Bu gün oglum Ahmetjik bilen öýe gerekli zatlarymyzy almak üçin söwda merkezine gaýtdyk. Zähmet rugsadynda bolsam-da, bir alada bilen edaradaky iş otagyma barmaly boldum. Men aladalarymy dynýançam Ahmet iş otagymyň içindäki tekjedäki kitaplary, tertiplenip goýlan resminamalary, otagyň gapysyndaky ýazgyny, ýagnyadymy, familiýamy we 11-lik san belgisini ymykly synlan bolmaly. Ol içinden pikir baryny ýüwürden bolsa-da, maňa hiç zat diýmedi. Iş-aladalarymyzy dynyp, günorta bolanda öýe geldik...
Bir görsem, Ahmet öýümiziň bir otagynyň gapysyna ak kagyzyň ýüzüne 10-lyk san belgisi bilen adyny, familiýasyny ýazyp asypdyr. Otagyň içinde bir stoluň üstünde doglan gününe sowgat berlen ertekili kitaplary hatarlap goýupdyr. Iki adamyň suratyny çekip, onuň birine dünýä belli aktýor — Jeki Çanyň adyny, beýlekisine bolsa, belli hindi aktýory Şahruh Hanyň adyny ýazypdyr. Ol jigisi Ýusupgeldä bolsa: “Şu meniň iş otagymdyr, geleniňde gapyny kakyp gel” diýip, düşündiren bolýardy.
Diýmek, Ahmetjikde ulalmaga, belentlige galmaga ymtylyş bar. Ol indi iş otagyna ýygy-ýygydan girip, hat işlerim bar diýip, kitap okaýar, hat ýazýar, surat çekýär...
Wah, oglum, seniň bu hyýalyňdaky öýümiziň burçundaky iş otagyň has-da uly iş otagyna öwrülsin-dä!
Islendik ynsany çagalygyndaky arzuwlary, islegleri, umytlary ýaşadýar we arzuwlaryň wysalyna ýetirýär. Meşhur şahyr Atamyrat Atabaýewiň ýazyşy ýaly:
Adamy geçeniň ýatlamalary,
Hem geljegiň umytlary ýaşadýar...
Aýparça AKYMOWA.








