Günleriň birinde üç elti bolup, üç öýe-de ortalyk saýaly bagyň kölegesinde çaýlaşyp otyrkalar, olaryň ýanyna üç adam gelipdir.
— Men-ä — Döwlet, bu-da — Bagt, üçünjimiz bolsa Agzybirlik diýip, özlerini tanadypdyrlar. Soňam:
— Hawa, gelinler biz siziň ýanýoldaşlaryňyza şeýle wepadardygyňyz üçin siziň üçiňizi-de sylaglamaga geldik. Iň gowy arzuwlaryňyzdan birini hasyl etmäge biziň gurbumyz çatýar. Näme diläsiňiz gelse diläberiň! Ýöne, çaltrak boluň, biz howlukmaç gidermen — diýipdirler. Şonda iň uly gelin tükenmez baýlyk, ortanjy gelin uzak ömür, körpe gelin bolsa maşgala agzybirligini diläpdir.
— Dilegiňiz kabul — diýip, ýaňky gelenler gözden gaýyp bolupdyrlar.
Dilän dileginden göwni hoş bolan körpe gelin öýüne gelip görse, hälki üç kişiniň üçüsi-de öýüň töründe otyrmyş.
Bu ahwalaty gören gelin:
— Siz howlukmaç ýalydyňyz-la, ornaşyp oturşyňyz örän arkaýyn ýaly-la — diýen. Olar:
— Biz Döwlet, Bagt hem-de Agzybirlik üçimiz biri- -birimiz bilen dogan ahyry. Dogan-dogandan aýrylyp nirä gitsin? — diýip, jogap beripdirler.
Rowaýatdan belli bolşy ýaly, birek-birek bilen agzybirlikde ýaşan kişiler hem güýçlüdirler, hem döwletlidirler, hem bagtlydyrlar.
Taýýarlan
Meretgeldi ATABAÝEW.