Gadym döwürde bir gojanyň iki ogly bar eken. Ol ogullary bilen bir öýde agzybir ýaşapdyr. Aý aýlanyp, gün geçip, goja wesýet edipdir:
— Dünýä baky gelen ýok. Hemişe häzirkiňiz ýaly agzybir boluň! Rysgal-döwlet agzybirlikdedir. Menden soň ekin ýere bile eýe çykyň...
Gojanyň ogullary kakalarynyň yzynda agzybirligiň bolmagyny isleýändigine düşünipdirler.
Aradan ençe aý geçenden soň goja aradan çykypdyr. Bu ýagdaý sebäpli gojanyň ogullary atalaryndan miras galan ekin ýeri öz aralarynda paýlaşmakçy bolupdyrlar. Ine, şu ýerde-de ara düşünişmezlik düşüpdir. Uly ogly uly hökmünde ekin ýeriniň üçden iki bölegine eýe bolmak isläpdir. Kiçi ogly bolsa, galan bir bölege razy bolman, ýeriň deň bölünmegini towakga edipdir.
Doganlar ylalaşyga gelmänsoňlar ahyry obada il-günüň meselesini deňli-derejeli çözüp ýören dana ýaşulynyň ýanyna baryp, oňa sala salypdyrlar.
Dana ýaşuly doganlaryň gürrüňini üns bilen diňlänsoň, az salym pikire batyp oturypdyr-da, şeýle diýipdir:
— Gowja pikirleniň-de, özüňizi bir-biriňiziň ornuňyzda goýup görüň! Şeýlelikde, ulyňyz — kiçiniň, kiçiňizem ulynyň ornunda diýeliň! Şu ýagdaýda uly ýigit, iniň saňa hormat goýmasa, körpe ogul, agaň seni sylamasa nähili bolar? Şu ýagdaýda siz özüňiz özüňize sarpa goýmaýan ýaly bolup dursuňyz. Bu meselede siz pugta pikirlenseňiz, ylalaşyga gelersiňiz.
Akyldaryň aýdan sözleri doganlary çuňňur oýa batyryp, özlerini bir-biriniň ornunda goýup, pikire çümüpdirler. Hyýalynda kiçiniň ornuna geçen uly ogul ekin ýeri kem almak islemändir, ulynyň ornuna geçen kiçi ogul hem meseläniň adalatly çözülmeginiň tarapdary bolupdyr.
Aradan az salym geçensoň, doganlar pikirden saplanypdyrlar. Şonda dana goja olara garap şeý diýipdir:
— Ogullam, ataňyz: «Ekin ýere bile eýe çykyň» diýen bolsa, “Ýeriňizi bölüp ýörmäň-de, agzybir bolup, oňa deň şärik boluň, agzybirlik bolan ýerde ene ýeriň berekedi artar” diýdigidir.
Ýaşulynyň sözleri aga-ininiň göwnüne jaý bolupdyr. Şeýdip doganlaryň ulusy ýaşula:
— Dana atam, siz dogry aýdýarsyňyz. Ata-babalar: «Agzybiriň aşy öňünde» diýipdir. Biz inim bilen agzybirlige gol berip ýaşarys — diýipdir.
Agasynyň diýeni inisiniň hem göwnüne makul bolupdyr. Şeýdip, doganlar öz aralarynda ylalaşyp, agzybirlikde ene ýere yhlas edensoňlar halk nakylynda «Guty geleniňki, goşadan geler» diýlişi ýaly, rysgal-döwletleri goşa-goşadan gelip, yrylmaz döwlete eýe bolupdyrlar.
Atamyrat ŞAGULYÝEW.








