Ýakynda etrapdaky 1-nji orta mekdepde etrap häkimliginiň, etrabyň polisiýa bölüminiň, TMÝG-niň etrap geňeşiniň, etrap bilim bölüminiň bilelikde guramagynda “Ýol hereketiniň howpsuzlygy — ömrümiziň rahatlygy” atly biraýlyga bagyşlanylyp, wagyz-nesihat çäresi geçirildi. Çärä etrap häkimliginiň, TMÝG-niň etrap geňeşiniň, etrap bilim bölüminiň işgärleri hem-de etrapdaky orta mekdepleriň ýokary synp okuwçylarydyr mugallymlary gatnaşdylar.
Ýol hereketiniň howpsuzlygyny ýaşlaryň arasynda wagyz etmek maksady bilen geçirilen çärede etrap häkimliginiň baş hünärmeni Dörtguly Aşyrow, etrabyň PB-niň KÝÝIBB-niň gözegçisi, polisiýanyň kapitany Baýram Mommaýew, etrabyň PB-niň PÝGB-niň müdiri, polisiýanyň maýory Toýly Berdiýew, TMÝG-niň etrap geňeşiniň guramaçylyk bölüminiň müdiri Tylla Rahmedowa, etrap bilim bölüminiň hünärmeni Akga Akgaýew we beýlekiler çykyş etdiler. Olar çykyşlarynda gözel Diýarymyzda ýollarymyzyň abadan bolmagy üçin giň möçberli işleriň ýola goýulýandygyny, biraýlygyň çäklerinde wagyz-nesihat çäreleriniň geçirilýändigi barada giňişleýin durup geçdiler. Şeýle hem olar ýaşlara ýol hereketiniň düzgünlerini doly we dogry berjaý etmeklerini nygtadylar.
Bilbil JUMAÝEWA.








