Ylym bilen meşgullanyp, onuň esasynda bir açyş etmegiň özi geljegimiziň açary bolup durýar. Çünki, ylmyň üsti bilen adamyň durmuşy özgerýär, döwrebaplaşýar. Ylmyň ýok ýerinde ýurt hem ösmeýär, adamlar hem kämilleşmeýär. Sebäbi ylmyň üsti bilen ençeme açyşlar edilýär. Dünýä ähmiýetli işleriň çözgüdini tapýan ylmy taslamalar ähli adamlar üçin örän derwaýys bolup durýar. Şol sebäpli bütin dünýäde, şol sanda biziň ýurdumyzda-da ylma uly üns berilýär.
Eziz Diýarymyzda ylym bilen meşgullanmaga giň mümkinçilikler döredilýär. Ýurdumyzda ylmy-barlag institutlarynyň açylyp, ulanylmaga berilmegi, şeýle hem ýylyň-ýylyna mekdep okuwçylarynyň, talyplaryň arasynda ylmy-döredijilik, taslama, şeýle-de Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň hem-de Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň bilelikde guramagynda Türkmenistanyň ýaşlarynyň arasynda ylmy işler boýunça bäsleşikleriniň geçirilmegi muňa doly şaýatlyk edýär. Munuň özi ýaş alymlaryň bilim derejesini kämilleşdirmäge, ylmy dünýägaraýşyny we intellektual kuwwatyny ösdürmäge ýardam edýär.
Mälim bolşy ýaly, her ýylyň 12-nji iýunynda Ylymlar güni ýurdumyzyň ähli künjeginde giňden bellenilip geçilýär. Üstümizdäki ýylda-da bu senäniň şanyna ylmy-amaly, halkara maslahatlar geçiriler. Şeýle täsirli çärelerdir maslahatlara biziň welaýatymyzda-da giň orun berler. Şeýle-de, bu günde ylmy bäsleşiklerde ýeňiji bolanlara Hormat hatlarydyr ajaýyp sowgatlar gowşurylar.
Watanymyzyň geljegi bolan ýaş nesillerimiziň döwür bilen aýakdaş gitmegi, sowatly, ylymly-bilimli bolmagy ugrunda irginsiz aladalanýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun. Beýik başlangyçlary mundan beýläk-de rowaçlyklara beslensin!
Sülgün ŞADYÝEWA.








