Ýakynda Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş merkezinde welaýat saglygy goraýyş müdirliginiň hem-de ady agzalan merkeziň bilelikde guramagynda ýatgy boýunjygynyň täze howply döremeleriniň öňüni almak boýunça welaýatymyzda alnyp barylýan işleriň ähmiýetini ilat arasynda düşündirmek maksady bilen duşuşyk geçirildi. Oňa mährem eneler, ak ýektaýly lukmanlar we welaýatymyzyň käbir etraplaryndan we Mary şäherinden raýatlar gatnaşdylar.
Duşuşykda welaýat saglygy goraýyş müdirliginiň başlygy Durdymuhammet Annageldiýew, Halkara saglyk merkezler müdiriýetiniň “Ene mähri” merkeziniň ýolbaşçysy, skriningiň uly maslahatçysy Annatäç Ulugberdiýewa, Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş merkeziniň baş nesil saglyk lukmany Mährijemal Jumageldiýewa, welaýat saglygy goraýyş müdirliginiň baş hünärmeni Bahar Kakalyýewa, mährem eneler, şeýle-de, etrap we şäher hassahanalarynda we saglyk öýlerinde zähmet çekýän nesil saglyk lukmanlary, zenanlar çykyş etdiler. Olar häzirki wagtda ýurdumyzda zenanlaryň saglygyny goramakda türkmen-german forumynyň uly ähmiýete eýedigini, bu forumyň esasy maksadynyň 29-55 ýaş aralygyndaky zenanlary barlagdan geçirip, ýatgy boýunjygynyň howply täze döremelerini ýüze çykarmakdan hem-de ony wagtynda bejermekden ybaratdygyny, barlaglaryň bolsa, tölegsiz esasda amala aşyrylýandygyny aýtdylar.
Şeýle-de, birnäçe ýyl bäri geçirilýän bu barlaglaryň netijesinde zenanlaryň birnäçesiniň saglygynyň dikeldilendigini, ýatgy boýunjygynyň täze howply döremeleriniň öňüniň alnandygyny bellediler we zenanlaryň saglygy ugrunda giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini beýan etdiler.
Sülgün ŞADYÝEWA.








