Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe eziz Diýarymyzda atçylyk pudagyny ösdürmek, gözbaşy müňýyllyklara uzaýan milli atşynaslygyň gadymy mirasyny dowam etdirmek, atçylyk sportuny ösdürmek boýunça türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan işleri Arkadagly Gahryman Serdarymyz tarapyndan üstünlikli durmuşa geçirilýär.
“Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” ýylynyň aprel aýynyň soňky ýekşenbesinde Türkmen bedewiniň milli baýramy uly dabara beslenip giňden bellenilip geçildi. Gadymy Mary topragynda Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli baýramçylyk at çapyşyklary geçirildi. Dabaranyň geçen ýeri bolan welaýat atçylyk sport toplumynda atçapyşygyna gelen toý märekesini, bedew janköýerlerini medeniýet we sungat işgärleri, çagalar döredijilik toparlary aýdym-saz, tans bilen garşy aldylar. Belentden ýaňlanýan aýdym-sazyň owazy alyslara ýaýrap, toý dabarasyny has-da şowhuna besledi. Baýramçylyk mynasybetli geçirilen at çapyşyklary gyzykly we dabaraly häsiýete eýe boldy. At çapyşygy jemi bäş çapuwdan ybarat boldy.
Birinji çapyşykda üçýaşar atlaryň bäşisi 1200 metr aralyga güýç synanyşmak üçin çapuw ýodasyna çykdylar. Bu çapyşykda welaýat häkimligine degişli Ýeňiş 2 atly dor at 1 minut 25,69 sekunt wagtda pellehana gelmegi başardy. Ýeňiji bolan atyň seýsi K.Garýagdyýew, çapyksuwary T.Annaçaryýew. Ikinji çapyşyga gatnaşan dokuz sany üçýaşar atlaryň arasyndan saýlanyp M.Orazmyradowyň hojalygyna degişli Düşümli atly al at 1 minut 35,74 sekunt wagt bilen ýeňiji bolmagy başardy. Atyň seýsi M.Orazmyradow, çapyksuwary R.Rahmanow. Atlar 1400 metr aralyga çapuwa goýberildi.
Üçünji çapyşyk hem 1400 metr aralyga bolup, oňa üçýaşar atlaryň dokuzysy gatnaşdy. B.Orazowyň hojalyk aty bolan Garajaoglan atly gara at pellehana 1 minut 33,69 sekunt wagt bilen gelmegi başaryp, ýeňiji boldy. Bu atyň seýsi D.Amandurdyýew, çapyksuwary Ý.Amannazarow.
Dördünji çapyşyk dörtýaşar we ulyýaşar atlaryň arasynda geçirilip, olar 2000 metr aralyga çapuwa goýberildi. Mary welaýat gümrük gullugyna degişli Goçýigit atly dor at 2 minut 14,95 sekunt wagtda pelehana ilkinji bolup gelmegi başardy. Onuň seýsi D.Amandurdyýew, çapyksuwary Ý.Amannazarow. Jemleýji, bäşinji çapyşyk hem dörtýaşar we ulyýaşar atlaryň arasynda geçirildi. Muhammet Balkan hojalyk jemgyýetine degişli bolan Alsakar atly al gysrak 2000 metr aralygy 2 minut 15,84 sekunt wagt bilen geçip, alty atyň arasynda ýeňiji boldy. Onuň seýsi A.Ýazlyýew, çapyksuwary D.Begmedow.
At çapyşyklaryna gatnaşan bedew janköýerleri we ildeşlerimiz Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden çykýan hoşallyklaryny beýan etdiler.
Sähet HOJAGELDIÝEW.








