Ejegyz Ýalkanowa,
Mary şäherindäki 1-nji sport mekdebiniň küşt boýunça tälimçi-mugallymy:
– Garaşsyz Diýarymyzyň her bir güni ýatdan çykmajak wakalara beslenýär. Meniň üçin hem bu ýyl ýatdan çykmajak wakalara beslenen ýyllaryň biri boldy. Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda maňa hormatly Prezidentimiziň Şa serpaýyna mynasyp bolmak bagty miýesser etdi. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň hut özüniň gatnaşmagynda geçirilen dabarada Prezidentimiziň elinden 70 000 manat möçberde pul baýragyny almak diýseň uly bagt.
Ýurdumyzda türkmen sportuny ösdürmekde ençeme işleriň ýola goýulýandygyny uly buýsanç bilen bellemek bolýar. Biz, tälimçiler hem yhlasymyzy gaýgyrman ata Watanymyzyň sport abraýyny göterip, türkmen Tuguny belentde pasyrdatjak ussat türgenlerini ýetişdirýäris. Biziň alyp barýan işimize ýokary baha berlip, Şa serpaýynyň gowşurylmagy meni, maşgalamy hem-de kärdeşlerimi diýseň begendirdi, buýsandyrdy. Munuň üçin Arkadagly Gahryman Serdarymyza egsilmez alkyşlarymy aýdýaryn. Goý Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun!








