Ösüşlere beslenýän eziz Diýarymyzda hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda bilim ulgamynda uly ösüşlere eýe bolunýar. Ýurduň geljegi bolan ýaş nesilleriň ähli tarapdan kämil, bilimli we döwrüň talaplaryndan baş çykarýan ynsanlar bolup ýetişmekleri üçin ähli tagallalar edilýär.
Ähli ýokary okuw, ýörite orta we orta mekdeplerde ýaşlara kompýuterleriň, interaktiw tagtalaryň üsti bilen bilim almaga giň mümkinçilikler bar. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň döredip berýän ajaýyp şertlerinden peýdalanyp, ýaş nesillerimiz her bir geçilýän sapagy höwesli okap, öz bilimlerini artdyrýarlar.
Aslynda, mugallym üçin okuwçynyň edepli, bilimli bolup ýetişmeginden eziz zat ýok bolsa gerek. Mugallym çeken zähmetiniň miwesini okuwçynyň sapaga bolan ýetişişinde görýär. Biz — mugallymlar hem döredilýän şertlerden ruhlanyp, geljekde ýaşlaryň ösen dünýägaraýyşly bolup ýetişmegi üçin yhlasymyzy gaýgyrman zähmet çekeris.
Sähragül GARRYÝEWA.








