Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary bilen ýaş nesle bilim-terbiýe bermekde bitirilýän işler guwanç duýgusyny döredýär. Aslynda, her bir mekdep oglan-gyzlaryň onlarçasyny bilim-terbiýe berip, gujagynda saklaýar. Olara ak pata berip, özbaşdak durmuşa atarýar. Şonuň üçinem her gezek tamamlan mekdebimize gözümiz düşende ýokardaky setir ýadymyza düşýär. Geçen 90 ýylyň içinde mekdebimiz uçurymlarynyň onlarça müňüsine özbaşdak durmuşa ýollanma berip, bu bähbitli ýörelge nesilden nesle geçip gelýär.
Mekdebimiziň döredilmeginiň 90 ýyllygynyň ýubleý dabarasynda “Eý, mekdebim jana-jan, saňa bolan söýgim kän” diýen setirler guwanç owazyna beslendi. Oňa ýaşulylyga, mährem enelige ýetişen uçurymlar, ýaş uçurymlar, şäheriň bilim bölüminiň ýolbaşçylarydyr hünärmenleri, şäherdäki orta mekdepleriň müdirleri, mugallymlar we okuwçylar gatnaşdylar. Dabarada TAP-niň şäher komitetiniň başlygy Eneş Orakowa, TMÝG-niň şäher geňeşiniň baş hünärmeni Selbi Çolukowa, şäher bilim bölüminiň usuly merkeziniň usuly ýolbaşçysy Gunça Nazarowa, bilim bölüminiň hünärmenleri Döwletmyrat Arnazarow, Hangeldi Ýazberdiýew we beýlekiler çykyş etdiler. Olar mekdebimiziň bir asyra golaý taryhyndan gyzykly gürrüň etdiler. Mekdep ýyllaryna degişli gülküli sahnalar guralyp, goşgular okaldy. Aýdym-sazlaryň belent owazy dabara şatlyk-şowhun çaýdy. Dabara oňa gatnaşanlarda ýatdan çykmajak täsir galdyrdy.
Gözel KAIPOWA.








