Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde ýurdumyzda hususy ulgamyny ösdürmek, telekeçilik başlangyçlary gollamak döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň galkynyşy döwründe hususyýetçilerimiz döredilip berilýän mümkinçiliklerden peýdalanyp has-da tutanýerli zähmet çekýärler. Welaýatlarymyzda birnäçe türgenleşik zallary (Fitnes merkezleri) halkymyza ýokary derejede hyzmat edýär. Şolaryň biri-de Mary şäherinde ýerleşýän Alp Arslan fitnes merkezidir. Sagdyn durmuş ýörelgesini halkymyzyň arasynda giňden dowam etdirýän bu türgenleşik zalynda raýatlarymyzyň saglyklaryny berkitmekleri üçin ähli amatlyklar döredilen. Bu ýerde diňe bir sport bilen meşgullanmak däl eýsem, döwrebap şertleri we hyzmatlary bilen hem tapawutlanýar. Dünýäniň öňdebaryjy kärhanalarynyň kardio-enjamlary, agyrlyk götermek üçin niýetlenen trenažorlary we erkin agyrlyklar bilen üpjün edilen. Alp Arslan türgenleşik merkezini bedeni kämilleşdirmek üçin fitnes, bodybilding, täze başlaýanlar üçin ýörite maksatnama düzüp berýän şahsy tälimçi ýaly birnäçe oňaýly amatlyklary öz içine jemleýär. Bu ýere gelýän raýatlarymyza sagdyn iýmitleniş üçin fitnes bar hem hyzmat edýär. Proteýinli kokteýlleri, täze sykylan şireleri, kofe we melhem çaýlary bilen dynç alyş zolagynda bu mümkinçiliklerden hem peýdalanmak bolýar. Şeýle döwrebap şertlerden we amatly mümkinçiliklerden ýerlikli peýdalanýan, saglyklaryny berkitmäne gelýän bagtyýar raýatlarymyz hem-de bu ýerde zähmet çekýän tälimçiler ýurdumyzda hususy telekeçiligiň ösmegine giň ýol açýan Hormatly Prezidentimize we Gahryman Arkadagymyza alkyşlary çäksizdir.
Azat BEGLANOW.








