Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýaşlaryň sowatly we ýokary terbiýeli nesiller bolup ýetişmegi ugrunda döwletli işler durmuşa geçirilýär. Ýurdumyzda döwrebap pikirlenmegi başarýan, giň dünýägaraýyşly, çuňňur bilimli, hakyky watansöýüji nesilleriň kemala gelmegi üçin ähli mümkinçilikler döredilýär. Bilim ulgamyny hemmetaraplaýyn ösdürmek we toplumlaýyn kämilleşdirmek ugrunda hem netijeli işler alnyp barylýar. Çünki, bilim ulgamyny kämilleşdirmek jemgyýeti aň-düşünje taýdan kämilleşdirmekdir. Bu babatda mugallymlaryň irginsiz zähmetine uly ähmiýet berilýär.
Bilim ynsanyň ruhy hazynasy bolup, her bir işde aýdyň ýol görkezýär. Şonuň üçin hem röwşen geljegi nazarlap barýan halkymyz bu günki günde ylymda, bilimde uly üstünlikleri gazanýar. Şeýle ajaýyp zamanamyzda ýaş nesliň döwrebap ylym-bilim almagy ugrunda biziň baýry ýokary okuw mekdebimizde hem uly işler durmuşa ornaşdyrylýar.
Ýaş nesliň ruhlanyp okamagy, döretmegi, gurmagy, işlemegi üçin taýsyz tagallalary edýän hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli, dünýä ähmiýetli tutumly işleri hemişe rowaç alsyn!
Merjen GADAMOWA.








