Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Mary welaýat bölüminiň, Onkologiýa ylmy-kliniki merkeziniň, Mary welaýat saglygy goraýyş müdirliginiň, welaýat Onkologiýa hassahanasynyň bilelikde gurnamagynda zenanlaryň nesil öndüriş agzalarynyň keselleriniň öňüni almak, ir ýüze çykarmak, bejermek boýunça ylmy-amaly maslahat geçirildi. Mary welaýat arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreş gullugynyň mejlisler jaýynda geçirilen bu maslahata Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Mary welaýat bölüminiň işjeň agzalary, welaýatyň dürli pudaklarynda zähmet çekýän zenanlar, eli ýeňil lukmanlar gatnaşdylar. Ilatyň arasynda sagdyn durmuşy wagyz etmek maksady bilen geçirilen bu maslahatda çykyş edenler Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde ýurdumyzda ynsan saglygyny goramakda, ýokanç keselleriň öňüni almakda alnyp barylýan işler, milli däp-dessurlarymyz, we arassaçylygyň kada-kanunlary, ýaş nesilleri köpçülikleýin sporta çekmek we olaryň zyýanly endiklerden daşda durmagyny gazanmak dogrusynda giňişleýin gürrüň etdiler. Şeýle hem ylmy-amaly maslahatda çykyş edenler türkmen gelin-gyzlaryna mahsus bolan gylyk-häsiýetler, edep-ekramlylyk, zenan wepadarlygy, ahlak gözelligi barada nygtadylar. Mundan başgada Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň Berkarar döwletiň täze eýýamynyň galkynyşy döwründe türkmen zenanlaryna goýýan sarpasy we ýaş nesilleriniň ylymly-bilimli, watansöýüji, zähmetsöýer adamlar bolup ýetişmekleri barada edýän bimöçber aladalary dogrusynda hem gyzykly gürrüňler berdiler. Maslahatyň ahyrynda oňa gatnaşanlar halkymyzy eşretli zamanada ýaşadýan, zenan mertebesini beýgeldýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.
Göwher Ataýewa.








