“Bal süýji, baldanam bala süýji” diýen nakyla eýerýän gadymy halkymyz nesil terbiýesine örän uly ähmiýet berip gelýär. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary bilen bu ýörelgä uly üns berlip, nesil terbiýesi çagalar baglaryndan başlanýar. Döwrebap çagalar baglarynda körpeler uly alada bilen gurşalyp, olaryň wagtlaryny gyzykly we peýdaly geçirmekleri ugrunda netijeli alada edilýär.
Çagalar bakja-bagymyzda körpeleriň onlarçasy terbiýelenip, terbiýeçilerimizdir olaryň kömekçileri çagalar hakda ýadawsyz alada edýärler. Terbiýeçilerimiz körpelere türkmen halk ertekilerini aýdyp berip, olaryň gahrymanlarynyň üsti bilen edep-terbiýeliligi, watansöýüjiligi, zähmetsöýerligi terbiýelemäge çalyşýarlar. Aýdym aýdyp, tans etmegiň endiklerini öwredýärler. Goşgulary ýat tutmak, olary labyzly aýdyp bermek endiklerini terbiýeleýärler. Dürli oýunlar çagalarda uly gyzyklanma döredip, wagtlaryny hoş geçirmeklerine ýardam edýär.
Mekdebe taýýarlaýyş toparyndaky oglanjyklara we gyzjagazlara okamagy, ýazmagy, sanlary goşup-aýyrmagy öwredýäris. Bu bolsa olaryň mekdepdäki ilkinji ädimleriniň şowly bolmagyna bähbitli täsirini ýetirýär. Çagalar bakja-bagymyzyň işgärleriniň “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” ýylyny üstünliklere beslemekdäki tagallalary bolsa ýerine düşýär.
Nabat JUMALYÝEWA.








