Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda bagtyýar nesiller uly alada bilen gurşalýar. Ýurdumyzda milli bilim ulgamyny kämilleşdirmek, giň gözýetimli, innowasion tehnologiýalary dolandyrmaga ukyply ýaşlary terbiýeläp ýetişdirmek boýunça uly tagallalar edilýär. Jemgyýetiň ruhy medeniýetiniň esasyny düzýän bilimiň hilini ýokarlandyrmak işini maksadalaýyk guramakda onuň maddy-enjamlaýyn binýadynyň döredilmegi häzirki zaman bilim syýasatynyň esasy ugrudyr.
Hormatly Prezidentimiz: «Biziň esasy wezipämiz ýokary bilimli, hakyky watançy nesilleri terbiýeläp ýetişdirmekden ybaratdyr» diýip bellemek bilen, ýaş nesilleriň kämil bolup ýetişmegi ugrunda döwletli işleri durmuşa geçirýär. Bu babatda milli ýörelgelere we dünýäniň ösen tejribesine laýyklykda, okuw maksatnamalarynyň, kitaplaryň hem-de gollanmalaryň many-mazmuny, bilim berijiligi we ylmy-usulyýet ugurlary yzygiderli kämilleşdirilýär. Bilim edaralaryny okuw kitaplary, okuw-usuly gollanmalar bilen üpjün etmek, olary aýawly saklamak we netijeli peýdalanmak boýunça yzygiderli işler alnyp barylýar.
Bilim ulgamynyň kämil derejede ösdürilmegi ussat mugallymlaryň we sowatly, zehinli ýaşlaryň kemala gelmegine uly täsirini ýetirýär. Ýurdumyzyň orta mekdeplerinde bilim-terbiýe alýan ýaş nesilleriň arasynda geçirilýän ders bäsleşikleri hem oňyn netijesini berýär. Şeýlelik bilen biz — mugallymlaryň yhlasly zähmeti ýerine düşýär.
Täzegül REJEPOWA.








