Mary şäherindäki 34-nji çagalar bakja-bagynyň zähmetsöýer terbiýeçileriniň yhlas-tagallalary bilen çagalara terbiýe bermekde, wagtlaryny gyzykly geçirmeklerinde uly işler bitirilýär. Bu çagalar bakja-bagyna indi 30 ýyla golaý wagt bäri halypa bilim işgäri Ejebaý Nuryýewa ýolbaşçylyk edip gelýär. Körpe nesle terbiýe we bilim bermekde toplan baý iş tejribesi Ejebaý Nuryýewa çagalar bakja-bagynda işleriň döwrüň talabyna laýyk ýola goýulmagyna mümkinçilik berýär.
— Abadan geljegimiz şu günki günde ýaş nesle, aýratynam, körpelere berýän terbiýämizden gözbaş alýar. Şonuň üçinem döwlet Baştutanymyz bu meselä hemişe iňňän uly ähmiýet berip, möhüm wezipeleri öňde goýýar. Biz şol wezipeleriň üstünlikli durmuşa geçirilmegine mynasyp goşandymyzy goşýarys. Çagalar bakja-bagymyzda körpeleriň wagtlaryny diňe bir gyzykly däl, eýsem, peýdaly geçirmekleri ugrunda-da ýadawsyz alada edilýär — diýip, müdir Ejebaý Nuryýewa gürrüň berdi.
Bu ýerde oglanjyklardyr gyzjagazlaryň onlarçasy terbiýelenip, işine ezber terbiýeçiler olary mähir bilen gurşap alýarlar. Wagtlaryny hoş geçirmekleri ugrunda ähli tagallalary edýärler. Işine yhlasy, tutanýerli zähmeti bilen tanalýan terbiýeçileriň birem Maral Welihanowa bolup, ol çagalara terbiýe bermekde, olaryň ylym-bilime gözükmekleri ugrunda uly alada edýär. Körpelere türkmen halk ertekilerini aýdyp berip, şol ertekileriň gahrymanlarynyň üsti bilen olarda ýagşy gylyk-häsiýetleri, zähmetsöýerligi, watansöýüjiligi terbiýelemäge çalyşýar. Aýdym aýdyp, tans etmek, goşgulary labyzly okamak boýunça bäsleşiklerem çagalarda uly gyzyklanma döredýär. Dürli oýunlar bolsa çagalaryň beden taýdan berk bolmaklaryna ýardam edýär.
Gürrüňi edilýän çagalar bakja-bagynda halypa terbiýeçi Maral Welihanowanyň göreldesine eýerýänleri köp. Şeýle birleşen tagalla bolsa, körpe nesle terbiýe we bilim bermegi hil taýdan täze derejelere çykarmaga mümkinçilik berýär. Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň zähmet ýeňişlerine beslenmegine saldamly goşantlaryny goşýan bu çagalar bakja-bagynyň zähmetsöýer işgärleriniň tutanýerli zähmeti ýerine düşýär. Şeýle netije bolsa, ajap eýýamymyzyň mynasyp neslini kemala getirmekde gazanylýan üstünliklerde jemlenýär.
Baýram AMANOW.