LIHTENŞTEÝN — 62 km2
PAÝTAGTY — WADUS ŞÄHERI
Alp daglarynda, Awstriýa we Şweýsariýa aralygynda kiçijik döwlet. Nemes dilinde Lihtenşteýn «agymtyl daş” diýmekdir.
ANDORRA — 468 km2
PAÝTAGTY — ANDORRA-la — WELÝA
Andorra — Pireneý ýarym adasynda, Ispaniýa we Fransiýa döwletleriniň arasynda, gündogar Pireneý dag gerişlerinde ýerleşýär. Bask dilindäki bu ady andurral («ösümlige baý belentli - pesli ýer”) sözi bilen baglanyşdyrýarlar.
KIPR — 9 251 km2
PAÝTAGTY — NIKOSIÝA (LEFKOSIÝA)
Ortaýer deňziniň gündogarynda ada we onda ýerleşen döwlet. Çaklama görä, bu ýere Liwandan serwi (kiparis) agaçlarynyň getirilip ekilendigi üçin, oňa Kipr diýen at berlipdir.
LÝUKSEMBURG — 2 586 km2
PAÝTAGTY — LÝUKSEMBURG
Lýuksemburg — 1.Ýewropanyň günbatarynda kiçijik döwlet we onuň paýtagty. 2.Belgiýada welaýat. Lýuksemburg “Kiçi şäher” diýen manydadyr.
ÇERNOGORIÝA — 13 812 km2 PAÝTAGTY — PODGORISA
Bu döwlet öz garaşsyzlygyny 2006-njy ýylda gazanyp, dünýäniň syýasy kartasynda peýda boldy. Bu at — «gara dag» diýen manydadyr.
Internet maglumatlary esasynda taýýarlan
Amanmyrat ÝAMADOW.