Bugdaýyň ekişine guramaçylykly girişdiler
Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň sanly ulgam arkaly geçiren Ministrler Kabinetiniň Mejlisinde “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak” ýylynyň 3-nji sentýabrynda ýurdumyzda 2026-njy ýylyň hasyly üçin bugdaý ekişine başlamaklyga beren ak patasy esasynda şu gün Mary welaýatynyň gallaçy daýhanlaram hormatly ýaşulularyň bismillasy bilen güýzlük bugdaýyň ekişine guramaçylykly girişdiler.
Mary welaýatynda 2026-njy ýylyň hasyly üçin güýzlük bugdaý ekişine girişilmegi mynasybetli ilki bilen welaýat häkimliginiň mejlisler jaýynda welaýatyň şäherleriniň, etraplarynyň, häkimleriniň, häkimleriň orunbasarlarynyň, il sylagly ýaşulularyň,Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň, welaýat derejesindäki edara-kärhanalaryň ýolbaşçylarynyň, geňeşlikleriň başlyklarynyň, ussat kärendeçileriň gatnaşmaklarynda maslahat geçirildi. Maslahatda edilen çykyşlarda bugdaý ekişi möwsüminde kärendeçi daýhanlary, ýer eýelerini ýokary hilli tohum bilen üpjün etmek, ekişde ulanyljak oba hojalyk tehnikalaryndan, olaryň asma gurallaryndan netijeli peýdalanyp, bu möhüm agrotehniki çäräni öz wagtynda ýokary hilli geçirmek dogrusynda birin-birin durlup geçildi hem-de işjeň pikir alşyldy.
Maslahatda çykyş edenler gallaçy daýhanlara toprakdan ýokary hasyl almakda döredip berýän giň mümkinçilikleri üçin Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş hem hoşallyk sözlerini aýtdylar. Hormatly ýaşulular hem-de talyp ýaşlar Mary welaýat taryhy we ülkäni öwreniş muzeýine aýlanyp, bu ýerde geçmişde bugdaý ösdürip ýetişdirmekde ulanylan gurallar hem-de azyklaryň naýbaşysy bolan bugdaý öndürmekdäki gadymy daýhançylyk tejribesi bilen ýakyndan tanyş boldylar. Soňra maslahata gatnaşanlar welaýat derejesinde ekişe girişilýän ýer bolan welaýatyň Sakarçäge etrabynyň ,,Daýhan” geňeşliginde ýerleşýän ,,Täze kerwen” daýhan hojalygynyň bugdaý ekiljek meýdanlaryna bardylar. Welaýatyň iň hormatlanýan ýaşululary dökünler bilen gurplandyrylan, sürlüp, eliň aýasy ýaly tekizlenilip, ekişe doly taýýar edilen meýdana iň ýagşy umyt-arzuwlar bilen ak bugdaýyň bereket tohumlaryny sepdiler.
Soňra yzyna Hormatly Prezidentimiziň dünýäniň ösen döwletleriniň önüm öndürijilerinden satyn alyp beren iň kämil tehnologiýaly, ýokary öndürijilikli bugdaý ekiji gurallary dakylan kuwwatly traktorlar hemmeleriň şatlyk-şowhuny astynda 2026-njy ýylyň hasyly üçin güýzlük bugdaýyň ekişine girişdiler. Şol pursat aňyrsy gözýetime çenli uzalyp gidýän rysgal-bereketli meýdanda daýhanyň daýanjy bolan kuwwatly oba hojalyk tehnikalarynyň sazlaşykly çykýan sesi özboluşly zähmet mukamy bolup ýaňlanyp, hemmelerde ýokary ruhubelentligi döretdi. Güýzlük bugdaýyň ekişine egsilmeýän zähmet joşguny bilen girişen Mary welaýatynyň ussat gallaçylary şu güýzde geljek ýylyň hasyly üçin bir ýüz ýetmiş müň gektar meýdana bugdaýyň welaýatyň toprak hem howa şertlerinde ýokary hasyl berýän, kesellere durnukly görnüşlerini ekip, şondan geljek ýylda guşgursak ak bugdaýyň bol hasylyny öndürmegi özlerine asylly maksat edinýärler. Hünärmenleriň aýtmaklaryna görä, şu ýyl welaýatda güýzlük galla ekişi üçin ýokary arkaly tohumlyk bugdaýyň ýeterlik möçberi öndürilipdir hem-de ol ,,Marygallaönümleri” önümçilik birleşiginiň kämil tehnologiýaly tohum arassalaýjy enjamlar bilen enjamlaşdyrylan bölümlerinde ýokary hilli arassalanylyp, dermanlanyp, ekişe birkemsiz taýýar edilýär. Türkmen Halkynyň Milli Lideri, Gahryman Arkadagymyzyň, Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň welaýatyň ekerançylaryna dünýäniň ösen döwletleriniň ,,CLAAS” hem ,,JON DEER” kompaniýalaryndan kuwwatly, ýokary öndürijilikli sürüm traktorlaryny satyn alyp bermegi ýerleri güýzlük galla ekişine irki möhletlerde, ýokary hilli taýýarlamaklyga mümkinçilik berdi.
Ekiş möwsüminde welaýatyň ekerançylyk meýdanlarynda topraga bugdaý tohumyny takyk taşlaýan ,,GASPARDO” ekiji gurallarynyň ýeterlik möçberi işlediler. Döwrebap, ýokary öndürijilikli oba hojalyk tehnikalarynyň dabaranyň geçýän ýerinde goýlan hatarlary gözýetime çenli uzalyp gidýär. Daýhanyň daýanjy bolan şol tehnikalaryň iň tejribeli mehanizatorlara berkidilmegi güýzlük bugdaý ekişiniň agrotehniki möhletde ýokary hilli geçirilmegine mümkinçilik berer. Bu ýerde Baýramaly Agrosenagat orta hünär okuw mekdebiniň talyp ýaşlarynyň gatnaşmaklarynda geçirilen tejribe-okuw maslahatynda hünärmenler çykyş edip, ekiş tehnikasyny hem-de kämil tehnologiýaly ekiji gurallary ulanmagyň düzgünleri dogrusynda öz gymmatly maslahatlaryny berdiler. Mary welaýatynyň polisiýa müdirliginiň ýangyn howpsuzlygy bölüminiň hem-de ýol gözegçiligi bölüminiň işgärleri tarapyndan wagyz-nesihat çäresi geçirilip, mehanizatorlara ýangyn howpsuzlygyny hem-de ýol hereketiniň düzgünlerini doly we dogry berjaý etmek boýunça berlen gymmatly maslahatlar diýseň täsirli boldy. Welaýatda güýzlük galla ekişiniň başlanmagyna bagyşlanan dabarada welaýatyň medeniýet, sungat ussatlarynyň ýörite taýýarlan aýdym-sazly çykyşlaryna-da giň orun berildi. Teatr artistleriniň taýýarlan sahnasynda ýaşaýşyň seresi bolan guşgursak ak bugdaý wasp edildi. Şu ýerdäki bezelen sahnada ussat estrada aýdymçylarynyň ýerine ýetirmeklerinde joşgunly aýdym-sazlar belentden belent ýaňlanyp, hemmelere ruhy lezzet berdi.
Welaýatyň saýlama aýdym-saz, tans, folklor toparlarynyň ýerine ýetiren çykyşlary dabara gatnaşýanlar tarapyndan el çarpyşmalar bilen gyzgyn garşy alyndy. Ýerine ýetirilen aýdymlarda, tanslarda halkymyzyň bagtyýar durmuşy, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwri, rysgal-bereketli topragymyzdan dür öndürýän gallaçylaryň päk zähmeti, mukaddes çörek, türkmen halkynyň Milli Lideri,Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň, Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň alyp barýan il-halk, Döwlet bähbitli işleri, dünýä ähmiýetli beýik başlangyçlary giňden wasp edildi. Dabaranyň geçýän ýerinde dikilen bezemen ak öýleriň daş-töwereginde halkymyzyň gadymdan gelýän toý dessurlarynyň, edim-gylymlarynyň görkezilmegi aýratyn göwün göteriji pursatlara beslenip, hemmeleriň kalbyny joşdurdy. Welaýatyň senetçi ussalarynyň öndüren önümleriniň, amaly haşam sungatyna degişli işleriň, daýhançylykda ulanylýan zähmet gurallarynyň, haly we haly önümleriniň, ene-mamalarymyzdan galan nepis el işleriniň, muzeý gymmatlyklarynyň, suratkeşleriň eserleriniň hem tomaşaçysy kän boldy. Welaýatyň ussat bagşylarynyň şirwan perdä galyp aýdan aýdymlary daş-töwerege ýaň saldy. Öz rysgal-bereketli topragymyzda öndürilen bugdaýdan, gök-bakja, miwe önümlerinden, oba hojalyk önümlerini gaýtadan işleýän kärhanalaryň taýýarlan çörek hem çörek önümlerinden ýokary hilli azyklyk harytlaryndan, datly gawun-garpyzlardan bu ýerde guralan baý sergi ýurdumyzda Hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen döredilen azyk bolçulygynyň aýdyň mysaly bolup, olara hemmeler gyzyklanma bilen syn etdiler. Dabaranyň geçýän ýerinde bagtyýar körpeleriň çaga dünýäsine mahsus milli oýunlary oýnamaklary, halkymyzyň çarwa durmuşynyň, bu kesp-kär bilen baglanyşykly tejribeleriň, maldarlaryň iş-aladalarynyň görkezilmegem toý mähellesiniň ünsüni özüne çekdi. Bu ýerde dürli türkmen milli tagamlar taýýarlanyp dabara gatnaşanlara hödür edildi. Mary welaýatynyň bedenterbiýe we sport baradaky Baş müdirliginiň gurnamagynda türgenleriň arasynda sportuň milli göreş, ýaglyga towusmak we beýleki görnüşleri boýunça guralan bäsleşikler hem diýseň gyzykly, çekeleşikli boldy.
Soňra berlen toý sadakasynda okalan aýat-töwirlerde il-agzybirligi, ýurt abadançylygy, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, belent başlarynyň aman bolmagy dileg edildi. Her bir dänäňiz müň bolsun, Mary welaýatynyň edermen gallaçy daýhanlary!
Toýmyrat Gurbanow.