Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Mary welaýat komitetiniň,welaýat Baş bilim müdirliginiň,Ýaşlar guramasynyň Mary şäher geňeşiniň gurnamagynda geçirlen wagyz-nesihat çäresi 2026-njy ýylyň döwrebap atlandyrylmagyna bagyşlandy. Şöhratly ýylymyzyň uçar ganatly bedewlerimiz bilen baglanşykly atlandyrylmagy mynasybetli geçirilen bu çäre “Türkmen ahalteke bedewlerimiziň dünýädäki at-abraýy we şan-şöhraty barha belende göterýär”-diýlip atlandyryldy. Wagyz-nesihat çäresine welaýatyň bilim işgärleri, ýaşlar guramasynyň we telekeçiler partiýasynyň işjeň agzalary gatnaşdylar. Wagyz-nesihat çäresindäki çykyşlarda Hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda milli ykdysadyýetimiziň ähli ugurlary bilen birlikde hususy we bilim ulgamlarynda hem uly üstünliklere ýe bolunýar. “Garaşsyz,baky Bitarap Türkmenistan-bedew batly at-myradyň mekany” atly ýylymyz hem şanly seneler,toý-baýramlar bilen barha dabaralanýar. Bu ýylda gujurly ýaşlara, olaryň çekýän zähmetine uly bil baglanýar. Belent şygar astynda badalga alýan ýylymyzyň uçar ganatly bedewler bilen baglanyşdyrylmagy bolsa ahalteke bedewlerimiziň şan-şöhratyny bütin dünýäde arşa galdyrýar-diýlip buýsanç bilen bellenildi. Işjeň häsiýete eýe bolan wagyz-nesihat çäresinde halkymyzyň hal ýagdaýlaryny ýokary derejelere götermekde alyp barýan işleri üçin türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza hem-de Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.
Çarymuhammet Saparow.








