Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde ýurdumyzyň has-da gülläp ösmeginiň, durmuşymyzyň gözelleşmeginiň bilimli, ylymly, zehinli, ukyp-başarnykly ýaş nesillere baglydygy göz öňünde tutulyp, bilim ulgamynyň ösdürilmegine aýratyn üns berilýär. Ylym-bilim ulgamyny kämilleşdirmek, ýaş nesle berilýän bilimiň hilini ýokarlandyrmak, bilim edaralarynyň sanyny köpeltmek, bu ugurdaky halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça döwletli işler durmuşa geçirilýär.
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda ylym-bilim özgertmeleriniň rowaçlanýandygyny, bilim işgärlerine giň mümkinçilikleriň döredilýändigini, ýaş nesilleriň uly aladalar bilen gurşalýandygyny aýdyň görmek bolýar. Muňa mysal edip, şu ýylyň 2-nji sentýabrynda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň Bilimler we talyp ýaşlar güni hem-de täze okuw ýylynyň başlanmagy mynasybetli Arkadag şäheriniň Ruhyýet köşgünde geçen umumy okuw sapagyny görkezmek bolar. Gahryman Arkadagymyz bu umumy okuw sapagynda taryhy çykyş edip, ýaşlaryň watansöýüjilik ruhunda, milli däp-dessurlarymyz, ýol-ýörelgelerimiz esasynda terbiýelenmelidigini ündedi we gymmatly maslahatlaryny berdi.
Gahryman Arkadagymyz «Ömrümiň manysy» atly gymmatly eserinde ylym-bilimiň we perzent terbiýesiniň umumylygyny şeýle beýan edýär: «Ylym — köňül çyragy. Ol çyraglary öz köňlüňizde hem-de perzentleriňiziň kalbynda başardygyňyzça köp ýakjak boluň! Şonda ykbal ýollaryňyz aýdyň bolar». Diýmek, köňülleri ýagtyltjak çyrag röwşen geljegimizi has-da nurlandyrar.
Ogulgül GAÝGYSYZOWA.








