Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde bilim ulgamynda ençeme işler durmuşa geçirilýär. Ata Watanymyzda bilim almaga, yhlasly işlemäge, döredijilik bilen meşgullanmaga ähli mümkinçilikler döredilýär. Döwrebap bilim ojaklarynda ýaşlaryň sowatly bolmagy üçin birnäçe amatly şertler bar.
Biziň çagalar sungat mekdebimizde hem ösüp gelýän ýaş nesillere döwrebap bilim bermekde, aýdym-sazyň inçe ýollaryny öwretmekde birnäçe mümkinçilikler bar. Şol amatly şertlerden peýdalanyp, mugallymlar yhlasly zähmet çekip, ýaşlaryň sungat äleminde uly üstünlikleri gazanmagy ugrunda ençeme tagallalary edýärler.
Şeýle-de, biz mugallymlar okuwçylaryň arasynda baýramçylyk çärelerini, bäsleşikleri yzygiderli guraýarys. Oňa çagalaryň işjeň gatnaşmagyny gazanmak üçin bar yhlasymyzy gaýgyrman işleýäris. Çagalar hem bu baýramçylyklarda özleriniň zehinini görkezip, ajaýyp aýdym-sazlary bilen dabaralara gatnaşyjylara ruhy lezzet paýlaýarlar. Mundan başga-da, okuwçylaryň dürli bäsleşiklere gatnaşyp, öňdäki orunlara eýe bolýandygyny aýratyn bellemek gerek.
Olga ÇARYÝEWA.








