Ýurdumyzyň ähli ýerlerinde bolşy ýaly Mary welaýatynda hem dürli sport ýaryşlara giň gerim berilýär. Golaýda Mary welaýatynyň bedenterbiýe we sport baradaky Baş müdirliginiň guramagynda sportuň woleýbol görnüşi boýunça toparlaryň arasynda Mary welaýatynyň açyk birinjiligini almak ugrunda ýaryş geçirildi. Mary şäheriniň 8-nji sport mekdebinde geçirilen bu ýaryşda türgenler woleýbol oýny boýunça özleriniň ussatlyklaryny görkezdiler. Sagdyn durmuş ýörelgelerine esaslanyp guralan bu ýaryş örän çekeleşikli häsiýete eýe boldy. Bu ýaryşda toparlar welaýatyň birinjiligini almak ugrunda bäsleşdiler. Gyzykly geçen woleýbol ýaryşy welaýatda sportuň bu ugry boýunça has ezber we güýçli türgenleriň bardygyny ýüze çykardy.
Dursun ILBEGIÝEWA.