Mümkin hemmeleriň miweleriň hem-de gök-önümleriň peýdasynyň ýokarydygyny, olaryň witaminlere baý önümlerdigini bilýän bolmagy ahmal. Emma olaryň her biriniň peýdasy dogrusynda anyk maglumatlary bilmeýänleriň bar bolmagam mümkin. Şol maksat bilen käbir miweleriň peýdasy hakynda gysgaça ýazmagy makul bildik.
ALMA immuniteti ýokarlandyrýan, bedenimiziň energiýasynyň güýçli bolmagyny üpjün edýän, iýmit siňdiriş ulgamynyň işleýşini gowulandyrýan miwedir.
BANAN ruhlandyryjy miwedir. Ol ynsanyň keýpini göterip bilýär.
APELSIN immuniteti berkidip, wiruslardan we sowuklama kesellerinden ynsany goraýan önüm hasaplanýar.
ARMYT ýürek we iýmit siňdiriş ulgamlarynyň işini gowulaşdyrýar.
Internet maglumatlary esasynda taýýarlan
Bibihatyja HATAMOWA.