Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň merkezi Geňeşiniň,Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň we ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň sekretarýatynyň bilelikde ýurdumyzyň mährem zenanlarynyň arasynda yglan eden “Müdimi senadyr ene hüwdüsi” atly bäsleşigi welaýatymyzyň Ýolöten, Murgap, Sakarçäge, Tagtabazar, Oguzhan, Baýramaly, Garagum, Türkmengala, Mary, Wekilbazar etraplary hem-de Mary, Baýramaly şäher tapgyry geçirildi. Bu etraplaryň zenanlar bölümleriniň gurnamagynda geçirilen bäsleşik örän täsirli boldy hem-de oňa zenanlaryň uly topary gatnaşdy.Bäsleşige gatnaşan bu etraplaryň mährem zenanlary ene-mamalarymyzdan miras galan ene hüwdüsini ýerine ýetirmekde öz ussatlyklaryny görkezdiler.Ene hüwdüsiniň gudratyny,zenan ýüreginiň päkligini öz täsirli çykyşlarynyň üsti bilen beýan etdiler.Olaryň ene hüwdüsiniň waspyny ýetirýän aýdym-sazly çykyşlary hem göwünleri joşdurdy.Bäsleşige gatnaşan mährem zenanlar ýurdumyzyň aýal-gyzlarynyň durmuşy,olaryň döredijiligi we zähmeti barada uly aladalar edýän Gahryman Arkadagymyza hem-de Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.Bäsleşigiň etrap tapgyrynyň jemleýji pursadynda çykyş eden zenanlara ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy.
Çarymuhammet Saparow.








