Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Mary welaýat komitetiniň, Baýramaly Maliýe-ykdysady orta hünär mekdebiniň bilelikde gurnamagynda “Watanmyzyň rowaçlygyna gönükdirlen işler” atly wagyz-nesihat çäresi geçirildi. Wagyz-nesihat çäresiniň dowamynda çykyş eden adamlar Hormatly Prezidentimiziň hususy ulgamyň ornuny ýokarlandyrmak,ýaşlaryň hususy ulgama bolan höweslerini artdyrmak barada edýän aladalaryndan ruhlanyp zähmet çekýän telekeçiler ýurdumyzyň ilatyny ýokary hilli azyk önümleri we harytlary bilen üpjün etmek işlerine özleriniň mynasyp goşantlaryny goşýarlar – diýip bellediler. Bu ulgama ýaşlary çekmek we olara goldaw bermek, telekeçilik başlangyçlaryny ösdürmek boýunça senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň welaýat komitetiniň işjeň agzalarynyň alyp barýan işleri dogrusynda hem aýratyn nygtalyp geçildi. Telekeçiligi ösdürmek barada amala aşyrýan döwlet bähbitli işleri üçin türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza hem-de Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri aýdyldy.
Çarymuhammet Saparow.








