Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Mary welaýat birleşmesiniň ýygnaklar zalynda Mary welaýat Polisiýa müdirliginiň, Mary welaýat kazyýetiniň hem-de Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Mary welaýat birleşmesiniň bilelikde gurnamaklarynda neşekeşlige, zyýanly endiklere, ýaramaz nogsanlyklara garşy göreş alyp barmak we jenaýatçylygyň öňüni almak maksady bilen „Neşekeşlik ýowuz beladyr“ atly wagyz-nesihat maslahaty geçirilip, oňa Mary welaýat Halk maslahatynyň agzasy, Mary welaýat Polisiýa müdirliginiň, Mary welaýat kazyýetiniň wekilleri we Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Mary welaýat birleşmesiniň işjeň agzalary gatnaşdylar. Wagyz-nesihat maslahatynyň dowamynda Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzda öňe sürýän sagdyn-durmuş ýörelgelerini giňden wagyz etmek, bu ugurda alnyp barylýan işleri talabalaýyk guramak, ýaşlary köpçülikleýin sporta çekmek we olaryň zyýanly endiklerden daşda durmagyny gazanmak bilen baglanşykly çuň manyly gürrüňler edildi. Bu ýerde adam saglygyna zyýan ýetirýän alkogolly we temmäki serişdeleriniň ýaýradylmagynyň öňüni almak we onuň aramyzdan ýok edilmegi boýunça alnyp barylýan işler dogrusynda hem birin-birin durup geçdiler. Şeýle hem il-ýurt bähbitli giň möçberli işleri amala aşyrýan Hormatly Prezidentimiziň adyna çyn ýürekden çykýan alkyş sözlerini beýan etdiler.
Nurjahan Mämmedowa.








