Mary welaýat Polisiýa müdirliginiň Polisiýanyň Ýol gözegçilik bölüminiň hem-de Mary lukmançylyk orta okuw mekdebiniň bilelikde gurnamagynda “Ýol hereketiniň howpsyzlygy - ömrümiziň rahatlygy” atly bir aýlyga bagyşlanyp wagyz-nesihat çäresi geçirildi. Mary lukmançylyk orta okuw mekdebinde geçirilen bu çäräniň dowamynda Mary welaýat Polisiýa müdirliginiň Polisiýanyň Ýol gözegçilik bölüminiň işgärleri hem-de mekdebiň mugallymlary çykyş edip, talyplara köçe ýol hereketiniň düzgünlerini doly we dogry öwrenip, ýol hereketiniň düzgünlerini pugta berjaý etmelidiklerini düşündirdiler. Şeýle-de ýaşlaryň ahlak taýdan arassa, beden taýdan sagdyn, ruhy taýdan kämil bolup jemgyýetimize gerekli, Watanymyza, Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza wepaly ýaşlar bolup ýetişmeklerini nygtadylar
Altynaý Seýitnyýazowa.








