Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýat geňeşi
«Maru – şahu jahan» gazeti bilen bilelikde ýaşlaryň nesilleriň zehinini, döredijilik ukybyny ýüze çykarmak maksady bilen mekdep okuwçylarynyň arasynda
«Bitaraplyk – parahatçylygyň senasy» atly bäsleşigi yglan edýär.
B Ä S L E Ş I G I Ň D Ü Z G Ü N N A M A S Y
I. Bäsleşigiň maksady:
- Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň ähmiýetini, many-mazmuny ýaşlara düşündirmekden, olaryň döredijilik ukyp-başarnygyny ýüze çykarmakdan, okuwçylaryň söz baýlygyny ösdürmekden;
- Ýaşlary döredijilik bilen meşgullanmaga çekmekden hem-de bu babatda ukybyny, başarnygyny açyp görkezen zehinli mekdep okuwçylary höweslendirmekden ybaratdyr.
II. Bäsleşigiň şertleri:
- Bäsleşige gatnaşyjylar bäsleşigiň şertlerine laýyklykda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygyny, 30 ýylyň içinde eziz Diýarymyzyň halkara gatnaşyklarynda gazanylan üstünliklerini wasp edýän makalalary bäsleşige hödürläp bilerler.
- Bäsleşige gatnaşyjylar makalalary hem-de özi barada gysgaça maglumaty (ady, familiýasy, okaýan mekdebi hem-de synpy, ýaşaýan ýeriniň anyk salgysy, öý ýa-da el telefon belgisi) «Maru – şahu jahan» gazetiniň redaksiýasyna ugratmaly.
- Bäsleşige hödürlenilen işler ýörite döredilen eminler topary tarapyndan gözden geçiriler. Makalalaryň manysyna, mazmunyna, çeperçiligine uly üns beriljekdir.
- Bäsleşige ugradylan makalalaryň käbirleri seredilip, gazet sahypalarynda çap ediler. Ýeňijiler gazetde çap edilmeginiň esasynda däl-de, ýokarda görkezilen talaplara laýyklykda saýlanylar.
- Makalalar şu ýylyň noýabr aýynyň 30-na çenli kabul ediler.
- Bäsleşigiň jemleri şu ýylyň dekabr aýynyň 8-ne jemleniler.
- Bäsleşige welaýatymyzyň orta mekdepleriniň okuwçylary gatnaşyp biler.
III. Bäsleşikde şu aşakdaky baýrakly orunlar bellenilýär:
- Bir sany birinji baýrak
- Iki sany ikinji baýrak
- Üç sany üçünji baýrak
- On sany höweslendiriji baýrak
Ýeňijiler Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýat geňeşiniň, «Maru – şahu jahan» gazetiniň Hormat haty we ýadygärlik sowgatlary bilen sylaglanarlar.
Habarlaşmak üçin:
- Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýat geňeşi: 7-35-93.
- «Maru – şahu jahan» gazetiniň redaksiýasy: 7-02-11.
«Maru – şahu jahan» gazetiniň redaksiýasy salgysy: Mary şäheri, Magtymguly köçesiniň 35-nji jaýy.








