Ýurdumyzda jemgyýetiň we döwletiň iň gymmatly hazynasy adam hasaplanylýar. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň ýol-ýörelgelerine eýerýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň saýasynda ýurdumyzyň baş baýlygy bolan ynsan saglygy hakynda yzygiderli alada edilýär. Diýarymyzda döwrebap hassahanalaryň, saglyk öýleriniň gurulmagy, ol desgalarda kämil tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy netijesinde lukmanlara yhlasly işlemäge, raýatlaryň saglygyny berkitmäge we gorap saklamaga ähli mümkinçilikler döredilýär.
...Adatça, aladaçyl adamlar hemişe-de göze ýakymly görünýär diýýärler. Aýratyn-da, iliň-günüň aladasyny edýän adamlar. Elbetde, halkyň hyzmatynda bolup alkyş almak ýeňil-ýelpaý iş däl. Onuň üçin irginsiz zähmet, yhlas, höwes gerek. Biziň gürrüňini etjek bolýan işine şeýle yhlasly lukmanlarymyzyň biri-de welaýat köpugurly hassahanasynyň döwük-ýenjik bölüminiň lukmany Öwezgylyç Berkeliýewdir.
Köp ýyllardan bäri tutanýerli zähmet çekip gelýän, uly hormatyň eýesi lukman Ö. Berkeliýew häzirki wagtda ilatyň saglygyny berkitmekde, sagdyn durmuş ýörelgelerini wagyz etmekde nusgalyk görelde görkezýär. Ol Wekilbazar etrabyndaky 24-nji orta mekdebi üstünlikli tamamlap, gözel paýtagtymyz Aşgabadyň şol wagtky Türkmen döwlet lukmançylyk institutyna okuwa girýär. Geljekki lukman ol ýerde öz saýlan hünäriniň inçe syrlaryny öwrenýär.
Söýgüli hünäriniň eýesi bolan lukman 2003-nji ýylda zähmet ýoluna başlaýar. Hünäre bolan söýgi, yhlas oňa uly abraý getirýär. Lukman bilen söhbetdeş bolanymyzda, ol bu hünäre ýaşlykdan göwün berip, bu ugra degişli ençeme kitaplary okandygyny, raýatlaryň saglygyny goramak esasy maksady bolup durýandygyny gürrüň berdi. Halk arasynda: “Ata kesbi — ogla halal” diýlişi ýaly, Öwezgylyç lukmanyň ogly Berkeli Öwezgylyjow häzirki wagtda Belarusuň Minsk şäherinde lukmançylyk hünäri boýunça bilim alýar...
Elbetde, ýurdumyzda ýola goýlan “Saglyk” Döwlet maksatnamasynyň esasynda saglygy goraýyş ulgamy dünýä derejesinde yzygiderli ösdürilýär. Ilata hödürlenilýän hyzmatlaryň görnüşleri talabalaýyk ölçeglerde kämilleşdirilýär. Bu ugurda halkara hyzmatdaşlygyna hem giň gerim berilýär.
Biz hem eziz Watanymyzda döredilýän şeýle mümkinçiliklerden peýdalanyp, yhlasly zähmet çekýän Öwezgylyç Berkeliýewe ýeňil bolmadyk işinde hemişe uly üstünlikleriň ýar bolmagyny tüýs ýürekden arzuw edýäris.
Aýparça AKYMOWA.








