Dünýä belli alymlaryň biri: “Okamasyny başarsaň, her bir ynsan açylmadyk kitapdyr” diýip, jaýdar belleýär. Elbetde, her bir ynsanyň bir zada ukyby bolýar. Bu bolsa şol ynsanyň çagalygyndan belli bolýar. Ene-atasynyň, mugallymlarynyň goldamagy netijesinde her bir çagada ukyp-başarnyk ýüze çykýar. Biziň gürrüňini etjek bolýan sporta höwesek, zehinli ýaşlarymyzyň biri hem Abdyrahym Öwezgylyjowdyr. A. Öwezgylyjow 2006 — 2017-nji ýyllarda Mary şäherindäki 11-nji orta mekdebi oňat bahalar bilen okady. Ol sapaklaryndan daşary sport bilen içgin gyzyklanyp başlady.
Küşt, şaşka oýunlary onuň iň ýakyn hemrasyna öwrüldi. Abdyrahym orta mekdepden boş wagtlary Mary şäherindäki “Pälwan” sport mekdebine gatnady. Sport mekdebiniň tälimçisi Mahym Gurdowa Abdyrahymyň küşt, şaşka oýunlaryna höwesekdigini aňyp, oňa bu oýunlaryň inçe tilsimlerini irginsizlik bilen öwretdi.
A.Öwezgylyjowyň bilesigelijilikli, irginsiz zähmeti oňa şöhrat getirdi. Ol 2022-nji ýylda Mary şäherinde geçirilen “Daýanç hereket süňňi şikesli” erkek türgenleriň arasynda küşt boýunça Türkmenistanyň şahsy çempionatynda 1-nji orny, 2024-nji ýylda paýtagtymyz Aşgabat şäherinde geçirilen “Daýanç hereket süňňi şikesli” erkek türgenleriň arasynda küşt boýunça Türkmenistanyň şahsy çempionatynda 3-nji orny eýelemegi başardy. Bu üstünlikler Abdyrahymyň özi bilen bir hatarda ene-atasyny, doganlaryny, mugallymlaryny, diýseň, begendirdi.
Biz hem zehinli türgenimiz Abdyrahym Öwezgylyjowyň sport älemindäki üstünlikleriniň şowly, dowamly bolmagyny tüýs ýürekden arzuw edýäris.
Aýparça AKYMOWA.








