14-nji sentýabrda futbol boýunça Türkmenistanyň çempionatynyň 23-nji tapgyrynyň iki duşuşygy geçirildi. Şol gün paýtagtymyzda «Köpetdag» Marynyň «Merwini», Balkanabat şäherinde bolsa «Nebitçi» «Şagadamy» kabul etdi.
Aşgabat şäherindäki «Köpetdag» stadionynda geçirilen duşuşygyň ykbaly goşmaça wagtyň 5-nji minutynda çözüldi. Şol minutda «Merwiň» futbolçysy Toýly Goçnazarow tapawutlanyp, toparyna iki tapgyrdan soň ýeňiş getirdi. Bu ýeňişden soň «Merw» utugyny 28-e çykaryp, dördünji orundaky «Şagadam» bilen aralygy 2 utuga çenli ýygyrdy.
Balkanabatda geçirilen Balkan derbisinde bolsa ýerli «Nebitçi» «Şagadamy» 2:1 hasabynda ýeňdi. Türkmenbaşy şäherine wekilçilik edýän toparyň futbolçylary garşydaşyň iki minutda geçiren iki goluna diňe 50-nji minutda bir gezek jogap berip bildiler. Bu ýeňiş altynjy orundaky «Nebitçiniň» utugyny 19-a çykardy. Dördünji orundaky «Şagadam» bolsa 30 utukda galdy.
Tapgyryň açylyş duşuşygynda «ARKADAG» topary «Aşgabatdan» 3:0 hasabynda üstün çykdy. Tapgyrdaky «Ahal» ― «Altyn Asyr» duşuşygy bolsa ätiýaçdaky günleriň birine geçirildi.
Türkmenistanyň Ýokary ligasy. 23-nji tapgyryň netijeleri
14.09.2024 ý.
«Köpetdag» - «Merw» — 0:1
[0:1] — 90+5’ Toýly Goçnazarow
Duýduryşlar:
21’ Jumamyrat Jumaýew «Köpetdag»
25’ Şiri Annaýew «Köpetdag»
31’ Furkat Tursunow «Merw»
65’ Aly Haýdarow «Merw»
74’ Orazmuhammet Işangulyýew «Köpetdag»
88’ Döwletmyrat Seýitmuhammedow «Köpetdag»
90’+2 Galabeg Jumamyradow «Köpetdag»
90’+6 Batyr Geldiýew «Köpetdag»
Oýundan soň: Baýramgeldi Gulmaýew «Köpetdag»
Meýdandan çykarylan:
90’+5 Döwletmyrat Seýitmuhammedow «Köpetdag» — ikinji duýduryşy üçin
Geçirilen ýeri: «Köpetdag» stadiony (Aşgabat ş.)
Duşuşygyň emini: A.Gurbanow (Aşgabat ş.)
Kömekçi eminler: Ş.Hydyrow (Balkanabat ş.), K.Sapaýew (Daşoguz ş.)
Ätiýaçdaky emin: A.Weliýew (Änew ş.)
Gözegçi emin: Ç.Gurbanow (Aşgabat ş.)
«Nebitçi» — «Şagadam» — 2:1
[1:0] — 20’ Myratdurdy Baýramow
[2:0] — 22’ Serdar Gulyýew
[2:1] — 50’ Yhlas Magtymow
Duýduryşlar:
3’ Daýanç Orazgulyýew «Nebitçi»
10’ Mekan Aşyrow «Şagadam»
43’ Aşyrgeldi Saryýew «Nebitçi»
60’ Arslangylyç Nazlyýew «Nebitçi»
81’ Annamuhammet Öräýew «Nebitçi»
Meýdandan çykarylanlar:
36’ Wezirgeldi Ylýasow «Nebitçi»
36’ Hojanazar Gurbanow «Şagadam»
Geçirilýen ýeri: «Sport toplumy» stadiony (Balkanabat ş.)
Duşuşygyň emini: R.Mämmedow (Aşgabat ş.)
Kömekçi eminler: B.Haknazarow (Aşgabat ş.), A.Begnazarow (Mary ş.)
Ätiýaçdaky emin: A.Annamyradow (Balkanabat ş.)
Gözegçi emin: Ş.Durdyýew (Aşgabat ş.)
TÝL ― 2024. Ýaryş tertibi: (23-nji tapgyr duşuşyklardan soň / 14.09.2024)
T/b | Toparlar | O | Ý | D | U | Top | Utuk |
---|---|---|---|---|---|---|---|
1. | “ARKADAG” | 21 | 21 | 0 | 0 | 101-12 | 63 |
2. | “ALTYN ASYR” | 20 | 15 | 1 | 4 | 56-22 | 46 |
3. | “AHAL” | 20 | 14 | 1 | 5 | 45-23 | 43 |
4. | “ŞAGADAM” | 21 | 10 | 0 | 11 | 27-30 | 30 |
5. | “MERW” | 21 | 9 | 1 | 11 | 16-39 | 28 |
6. | “NEBITÇI” | 21 | 6 | 1 | 14 | 17-45 | 19 |
7. | “AŞGABAT” | 21 | 5 | 3 | 13 | 17-45 | 18 |
8. | “KÖPETDAG” | 21 | 3 | 5 | 13 | 13-39 | 14 |
TÝL ― 2024. Çempionatyň iň netijeli futbolçylarynyň sanawy: (23-nji tapgyr duşuşyklardan soň / 14.09.2024)
T/b | Ady we familiýasy | Geçiren topy |
---|---|---|
1. | Didar Durdyýew «ARKADAG» | 23 gol |
2. | Altymyrat Annadurdyýew «ARKADAG» | 21 gol |
3. | Begenç Akmämmedow «ARKADAG» | 13 gol |