Şu günler welaýatymyzyň esasy şäheri bolan Mary şäherindäki “Merw” futbol meýdançasynda futbol boýunça ýaryşlar geçirilýär. Düýn Türkmenistanyň kubogyny almak ugrunda geçirilen ýaryş hemmeler üçin diýseň gyzykly boldy. Türkmenistanyň ýokary liga futbol toparlarynyň arasynda geçirilen ýaryşda “Marygazçykaryş” müdirliginiň “Merw” hem-de Balkan welaýatynyň “Şagadam” futbol toparlary duşuşdylar.
Gyzgalaňly geçen ýaryşda iki toparyň oýunçylary hem özleriniň ussatlyklaryny görkezdiler. Çekeleşikli geçen ýaryşyň netijesinde “Şagadam” futbol topary “Merwi” 4:1 hasabynda utdy.