29-njy sentýabrda ýurdumyzyň futbol çempionatynyň 17-nji tapgyrynyň wagty süýşürilen duşuşygy geçirilip, onda “Nebitçi” hem-de “Köpetdag” güýç synanyşdylar.
Bu duşuşykda “Nebitçi” topary garşydaşyndan 2:1 hasabynda üstün çykdy.
Gazanan bu ýeňşinden soň 28 utuk toplan “Nebitçi” topary ýaryş tertibinde üçünji orny eýelemegini dowam edýär. 17 utugy bolan “Köpetdag” topary bäşinji orny eýeleýär.
17-njy tapgyryň wagty süýşürilen duşuşygy:
“Nebitçi” – “Köpetdag” – 2:1
Gollar: 51 Magtymberdi Berenow, 90+1 Döwran Berdiýew (“Nebitçi”) – 3 Azizbek Begjanow (“Köpetdag”)
Bellik: 69-njy minutda Elýas Akyýew (“Nebitçi”) 11 metrlik jerime urgusyny dürs ýerine ýetirip bilmedi.
Duýduryşlar: 10 Döwran Berdiýew, 81 Arslangylyç Nazgylyjow, 81 Abdymuhammet Begjanow (“Nebitçi”) – 45 Şamämmet Hydyrow, 81 Döwletmyrat Seýitmuhammedow, 81 Baýramgeldi Gulmaýew, 87 Nyýazmyrat Kulýazow (“Köpetdag”)
Geçirilen ýeri: “Sport toplumy” stadiony (Balkanabat ş.)
Duşuşygyň emini: A.Gurbanow (Aşgabat ş.)
Kömekçi eminler: H.Abdiýazow (Daşoguz ş.), M.Şanazarow (Mary ş.)
Ätiýaçdaky emin: I.Kurambaýew (Daşoguz ş.)
Gözegçi emin: H.Rejepow (Aşgabat ş.)
Çempionatyň tablisasy:
T/b | Toparlar | O | Ý | D | U | T | U |
1. | «Arkadag» | 14 | 14 | 0 | 0 | 48-12 | 42 |
2. | «Altyn Asyr» | 14 | 10 | 2 | 2 | 37-12 | 32 |
3. | «Nebitçi» | 15 | 9 | 1 | 5 | 25-17 | 28 |
4. | «Aşgabat» | 16 | 6 | 2 | 8 | 22-35 | 20 |
5. | «Köpetdag» | 15 | 5 | 2 | 8 | 19-31 | 17 |
6. | «Ahal» | 14 | 5 | 1 | 8 | 20-22 | 16 |
7. | «Merw» | 11 | 3 | 3 | 5 | 12-15 | 12 |
8. | «Energetik» | 15 | 4 | 0 | 11 | 11-33 | 12 |
9. | «Şagadam» | 16 | 2 | 3 | 11 | 10-27 | 9 |