Türkmenistanyň futbol boýunça milli ýygyndysy 2026-njy ýylda geçiriljek dünýä çempionatynyň saýlama tapgyrynyň öňüsyrasy ýoldaşlyk duşuşyklarynyň ikisini geçirer. Şeýlelikde, futbol boýunça milli ýygyndymyz 8-nji sentýabrda Surabaýa şäherinde Indoneziýanyň, 12-nji sentýabrda bolsa Birleşen Arap Emirlikleriniň Dubaý şäherinde Bahreýniň ýygyndysy bilen ýoldaşlyk duşuşyklaryny geçirer.
Mergen Orazowyň ýolbaşçylygyndaky tälimçiler düzümi ýoldaşlyk duşuşyklaryny geçirmek üçin ýygyndy toparymyza futbolçylaryň 23-sini çagyrdylar. Ýoldaşlyk duşuşyklaryny geçirýän ýygyndy toparymyzyň oýunçylarynyň 9-sy “Arkadag” toparynda çykyş edýärler. Oýunçylaryň 6-sy “Ahal”, 5-si bolsa “Altyn Asyr” toparlaryna wekilçilik edýärler. Gonkongyň “Kitçi”, Belarusyň “Energetik-BGU” hem-de Gyrgyz Respublikasynyň “Abdyş-Ata” toparlaryndan bir oýunçydan ýygyndy toparymyzyň düzümine düşüpdir.
Geçirilen bije çekişligiň netijesinde Dünýä çempionaty – 2026-nyň saýlama tapgyrçasynda “E” toparça düşen Türkmenistanyň milli ýygyndysy Eýranyň hem-de Özbegistanyň ýygyndy toparlary bilen güýç synanyşar. Bu toparçanyň dördünji wekili birinji saýlama tapgyrynda güýç synanyşjak Gonkonk bilen Butanyň milli ýygyndylaryň arasyndaky ýeňiji bolar.
Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň dünýä çempionatynyň saýlama tapgyryndaky ilkinji duşuşygyny 16-njy noýabrda Özbegistanyň milli ýygyndysynyň garşysyna geçirer.
Türkmenistanyň futbol boýunça milli ýygyndy toparynyň SANAWY:
Familiýasy, ady | Çykyş edýän topary | ||
Çaryýew Rasul (d) | “Arkadag” | ||
Annagulyýew Güýçmyrat | “Arkadag” | ||
Saparow Mekan | “Arkadag” | ||
Bäşimow Abdy | “Arkadag” | ||
Mämmedow Ybraýym | “Arkadag” | ||
Ballakow Welmyrat | “Arkadag” | ||
Tamurkin Ilýa | “Arkadag” | ||
Tirkişow Şanazar | “Arkadag” | ||
Baýow Begmyrat | “Arkadag” | ||
Babaýew Batyr (d) | “Altyn Asyr” | ||
Ataýew Ahmet | “Altyn Asyr” | ||
Hojowow Hoşgeldi | “Altyn Asyr” | ||
Nurmyradow Selim | “Altyn Asyr” | ||
Annaýew Myrat | “Altyn Asyr” | ||
Geldiýew Ata | “Ahal” | ||
Hojamämmedow Döwran | “Ahal” | ||
Söýünow Şöhrat | “Ahal” | ||
Tagaýew Elman | “Ahal” | ||
Gurbanow Ýazgylyç | “Ahal” | ||
Abdyrahmanow Alibek | “Ahal” | ||
Mingazow Ruslan | “Kitçi” (Gonkong) | ||
Jumaýew Wepa | “Energetik-BGU” (Belarus) | ||
Çaryýew Teýmur | “Abdyş-Ata” (Gyrgyz Respublikasy) | ||
Tälimçiler düzümi | |||
Orazow Mergen | Toparyň baş tälimçisi | ||
Muhammetmyradow Mekan | Toparyň tälimçisi | ||
Matus Pawel | Toparyň derwezeçileriniň tälimçisi | ||
Öwezow Welsähet | Toparyň tälimçisi | ||
Täşliýew Ildar | Oýunlary seljermek boýunça tälimç
|