Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisi
weather mary 33° C Mary
weather mary 33° C Mary

Habarlar

Iň täze habarlar

Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisi

565 04.04.2024

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Serdar Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň şu ýylyň üç aýynda ýerine ýetiren işleriniň netijelerine garaldy. Şeýle-de gün tertibine Garaşsyz döwletimizde howpsuzlygy, asudalygy üpjün etmek, harby we hukuk goraýjy edaralaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak, olaryň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmek bilen baglanyşykly meseleler girizildi.

Ilki bilen, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, goranmak ministri B.Gündogdyýew çykyş edip, şu ýylyň başyndan bäri Türkmenistanyň Ýaragly Güýçlerini ösdürmegiň Maksatnamasyny üstünlikli durmuşa geçirmek, ýurdumyzyň goranyş ukybyny pugtalandyrmak boýunça görlen çäreler barada hasabat berdi. Şeýle-de harby gullukçylary gullukdan boşatmagyň, raýatlaryň nobatdaky harby gulluga çagyrylyşynyň barşy barada hasabat berildi. Şunuň bilen birlikde, harby gullukçylaryň gulluk, ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmak, ýokary hünärli işgärleri taýýarlamak boýunça alnyp barylýan işler barada aýdyldy.

Döwlet Baştutanymyzyň garamagyna Goranmak ministrligine degişli birnäçe desgalary gurmak we durkuny täzelemek baradaky resminamanyň taslamasy hem hödürlenildi.

Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy hasabaty diňläp, döwletimiziň diňe goranyş häsiýetine eýe bolan Harby doktrinasynyň düzgünlerini takyk ýerine ýetirmegiň wajypdygyny belledi. Harby we hukuk goraýjy düzümleriň öňünde durýan wezipeleriň talabalaýyk çözülmegi serkerdeleriň hünär derejesine, olaryň hukuk sowatlylygyna, döwrebap tehniki serişdeleri, tehnologiýalary özleşdirmeklerine gönüden-göni baglydyr diýip, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow aýtdy we degişli resminama gol çekdi.

Döwlet Baştutanymyz harby gullukçylary harby gullukdan boşatmak hem-de Türkmenistanyň raýatlarynyň harby gulluga nobatdaky çagyrylyşy bilen baglanyşykly meselelere ünsi çekip, bu işleriň guramaçylykly ýerine ýetirilmegine berk gözegçilik etmegi tabşyrdy.

Baş prokuror B.Muhamedow şu ýylyň ýanwar — mart aýlarynda alnyp barlan işleriň jemleri, döwlet Baştutanymyzyň kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň berjaý edilişine gözegçiligi amala aşyrmak boýunça ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi. Şeýle hem sanly ulgamy ornaşdyrmak, prokuratura edaralarynyň işgärler kuwwatyny berkitmek ugrunda görülýän çäreler barada aýdyldy.

Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy hasabaty diňläp, prokurorlary wezipä bellemek we wezipeden boşatmak hakynda Permana hem-de Karara gol çekdi. Döwlet Baştutanymyz ministrlikler, pudaklaýyn dolandyryş edaralary, beýleki edara-kärhanalar tarapyndan kanunçylygyň takyk hem-de birmeňzeş berjaý edilişine berk gözegçilik etmegiň möhümdigini aýdyp, Baş prokurora ýol berilýän düzgün bozulmalaryny ýüze çykaryp, olary öz wagtynda düzetmek üçin çäreleri görmegi tabşyrdy.

Içeri işler ministri M.Hydyrow ýolbaşçylyk edýän düzümleriniň şu ýylyň üç aýynda ýerine ýetiren işleriniň netijeleri, ýurdumyzda jemgyýetçilik tertibini üpjün etmek, hukuk bozulmalarynyň, ýol-ulag hadysalarynyň öňüni almak boýunça amala aşyrylan çäreler barada hasabat berdi. Şeýle-de ýangyn howpsuzlygy gullugynyň işini kämilleşdirmek babatda görlen anyk çäreler barada aýdyldy.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, raýatlaryň hukuklaryny we azatlyklaryny, jemgyýetiň, döwletiň bähbitlerini goramagyň, ýol hereketiniň, ýangyna garşy göreş kadalarynyň berjaý edilişine gözegçilik etmegiň Içeri işler ministrliginiň esasy wezipeleriniň biri bolup durýandygyny nygtady. Şunuň bilen baglylykda, edaralarda we ilatyň arasynda wagyz-nesihat çäreleriniň, degişli düşündiriş işleriniň yzygiderli geçirilmeginiň möhümdigi bellenildi.

Ýokary kazyýetiň başlygy B.Hojamgulyýew ýolbaşçylyk edýän düzümleri tarapyndan şu ýylyň birinji çärýeginde alnyp barlan işleriň netijeleri, kazyýet işini talabalaýyk alyp barmak, işgärleriň hünär derejesini ýokarlandyrmak, degişli düzümleriň işine sanly ulgamy ornaşdyrmak boýunça görlen çäreler barada hasabat berdi.

Döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, kazyýet edaralarynyň hukuk bozulmalarynyň öňüni almak babatda alnyp barylýan işlere işjeň gatnaşmagynyň zerurdygyny belledi. Hormatly Prezidentimiz kazyýet işini mundan beýläk-de kämilleşdirmek boýunça görülýän çärelere üns çekip, Ýokary kazyýetiň ýolbaşçysyna bu ugurda alnyp barylýan işlere berk gözegçilik etmegi tabşyrdy. Şeýle-de ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamak üçin kazyýet işgärleri bilen ýörite okuw sapaklaryny geçirmegi dowam etdirmegiň wajypdygyna aýratyn üns çekildi.

Soňra milli howpsuzlyk ministri N.Atagaraýew şu ýylyň üç aýynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri, döwlet bähbitlerini goramak, jemgyýetimizde durnuklylygy üpjün etmek boýunça görülýän toplumlaýyn çäreler, ýolbaşçylyk edýän edarasyny ösdürmegiň 2022 — 2028-nji ýyllar üçin Maksatnamasynyň durmuşa geçirilişi barada hasabat berdi.

Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy hasabaty diňläp, Türkmenistanyň konstitusion gurluşyny we çäk bitewüligini goramak bilen baglylykda, bu edaranyň öňünde durýan gaýragoýulmasyz wezipelere ünsi çekdi. Hususan-da, geçirilýän seljerme işleriniň ýokary hilli ýerine ýetirilmeginiň möhümdigi bellenildi.

Döwlet serhet gullugynyň başlygy Ý.Nuryýew ýolbaşçylyk edýän düzümleriniň şu ýylyň ýanwar — mart aýlarynda alyp baran işleriniň netijeleri, Watanymyzyň mukaddes serhetlerini goramak boýunça görlen çäreler barada hasabat berdi. Şeýle-de serhet galalaryny döwrebaplaşdyrmak, olaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak, harby gullukçylaryň netijeli gulluk etmegi, göwnejaý ýaşaýyş-durmuşy üçin zerur şertleriň döredilmegi bilen bagly meseleler barada aýdyldy.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, ýurdumyzyň Döwlet serhediniň ygtybarly goralmagyny üpjün etmegiň, hem-de serhetlerimizi dost-doganlyk serhedine öwürmek üçin alnyp barylýan işleri dowam etdirmegiň möhümdigini nygtady. Serhet goşunlarynyň öňdebaryjy tehniki serişdeler bilen üpjün edilmegi harby gullukçylaryň hünär taýdan taýýarlygynyň ýokarlandyrylmagyny talap edýär diýip, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow aýtdy we gullugyň ýolbaşçysyna birnäçe anyk görkezmeleri berdi.

Soňra adalat ministri M.Taganow şu ýylyň başyndan bäri ýurdumyzyň kanunçylyk binýadyny kämilleşdirmek, düzümleýin edaralara sanly ulgamy ornaşdyrmak boýunça ýerine ýetirilen işleriň netijeleri, döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi. Şeýle-de degişli maksatnamany durmuşa geçirmegiň barşy barada aýdyldy.

Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy hasabaty diňläp, häzirki wagtda adalat edaralarynyň işini sanly ulgama geçirmek boýunça işleriň alnyp barylýandygyny nygtady. Şunuň bilen baglylykda, bu işleriň öz wagtynda, ýokary hilli ýerine ýetirilmegine berk gözegçilik etmek tabşyryldy.

Soňra Döwlet gümrük gullugynyň başlygy M.Hudaýkulyýew şu ýylyň üç aýynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri, döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi. Şeýle hem işiň döwrebap usullaryny we iň täze tehnologiýalary ornaşdyrmak boýunça amala aşyrylýan çäreler, edarany ösdürmegiň maksatnamasynyň durmuşa geçirilişi barada aýdyldy. Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysynyň garamagyna gullugyň düzümleriniň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak we ugurdaş hünärmenleri taýýarlamak bilen baglanyşykly resminamanyň taslamasy hödürlenildi.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, degişli Karara gol çekdi we häzirki wagtda gümrük nokatlaryny döwrebaplaşdyrmak boýunça işleriň alnyp barylýandygyny kanagatlanma bilen belledi. Şunuň bilen baglylykda, bu işleriň öz wagtynda, ýokary hilli ýerine ýetirilmegine berk gözegçilik etmegiň zerurdygyna üns çekildi.

Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygy A.Sazakow ýolbaşçylyk edýän düzümleri tarapyndan şu ýylyň başyndan bäri alnyp barlan işleriň netijeleri, edaranyň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak, onuň işgärler kuwwatyny pugtalandyrmak boýunça görlen çäreler barada hasabat berdi.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, döwletimiziň migrasiýa ulgamyndaky syýasatynyň dünýäniň oňyn tejribesiniň we milli kanunçylygyň esasy ýörelgeleriniň utgaşdyrylmagyna, işiň innowasion usullarynyň ulanylmagyna gönükdirilendigini nygtady. Migrasiýa gözegçiligini kämilleşdirmek boýunça meseleleri üns merkezinde saklamak boýunça anyk çäreleri görmek zerurdyr diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy we gullugyň ýolbaşçysyna degişli tabşyryklary berdi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow diňe goranyş häsiýetine eýe bolan Türkmenistanyň Harby doktrinasyna laýyklykda, Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiziň harby howpsuzlygyny we bitewüligini ýokary derejede üpjün etmek boýunça çäreleriň amala aşyrylýandygyny belledi. Şunuň bilen birlikde, ýurdumyzyň goranmak ukybyny berkitmäge, Watan goragçylarynyň, olaryň maşgala agzalarynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da gowulandyrmaga uly ähmiýet berilýändigi nygtaldy. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz bu ugurdaky işleriň geljekde-de dowam etdiriljekdigini aýtdy.

Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisinde başga-da birnäçe meselelere garaldy we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.

Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Serdar Berdimuhamedow mejlisi tamamlap, oňa gatnaşanlara berk jan saglyk, halkymyzyň asuda we bagtyýar durmuşda ýaşamagy ugrunda alyp barýan jogapkärli gulluklarynda uly üstünlikleri arzuw etdi.

71
71 02.07.2026
Döwrebap taslamalar, elýeterli bahalar

     Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde Milli ykdysadyýetimiziň hususy ulgamyny ösdürmek, häzirki zamanyň bazar usullaryny giňden ornaşdyrmak, telekeçilik başlangyçlary gollamak bilen halkymyzyň ýurdumyzda öndürilýän ýokary hilli we döwrebap mebel önümlerine bolan islegleri barha artýar. Mary welaýatynyň Mary şäherinde ýerleşýän “Ussat mebel” haryt nyşanly mebel önümleri hususy kärhanasy hem “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan- bedew batly at-myradyň mekany” ýylynda dürli görnüşli mebel önümlerini öndürmekde netijeli işleri alyp barýarlar. Ýurdumyzda telekeçiligiň ösmegi üçin döredilýän mümkinçiliklerdir, amatly şertlerden peýdalanyp zähmet çekýän Mary welaýatynyň Mary şäherinde ýerleşýän “Ussat mebel” haryt nyşanly hususy kärhanasynyň hünärmenleri halkymyzyň mebel önümlerine bolan isleglerini kanagatlandyryp, döwrebap mebelleri öndürmekde netijeli işleri alyp barýarlar. Agaç önümlerini timarlaýjy, kesiji, bantlaýyjy we bezeg işlerini ýerine ýetiriji Türkiýanyň ösen, kämil enjamlaryň tejribeli agaç ussalary tarapyndan sazlaşykly işledilmegi netijesinde müşderileriň ösen talaplaryna laýyklykda her günde dürli görnüşli, dürli ölçegdäki mebel önümleriniň birnäçesi taýýarlanylýar. Kärhanada eli hünärli agaç ussalarynyň taýýarlaýan mebel önümleriniň hatarynda häzirki zamanyň talaplaryna laýyk gelýän döwrebap ýaşaýyş jaýlarynyň myhmanhana, aşhana we iş otaglary hem-de çagalar otaglary üçin niýetlenen mebelleri, dürli ölçegdäki ýumşak mebelleri, edara – kärhanalar üçin taýýarlanan ýörite mebelleri görkezmek bolar. Bu mebeller ösen tehnologiýalar arkaly kärhananyň ussat hünärmenleri tarapyndan döwrebap taslamalar taýýarlanyp, müşderileriň sargytlary esasynda ýerine ýetirilýär. Sargytlar arkaly öndürilen mebeller kärhananyň ýurdymyzyň ähli welaýatlaryna eltip, gurnap bermek hyzmaty hem ýola goýulan. Eýýäm 11 ýyldan gowyrak wagt bäri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň telekeçilere döredip berýän giň mümkinçiliklerinden ruhlanyp halkymyza ýokary hilli mebel önümleri bilen hyzmat edip gelýän bu kärhanada öndürilýän mebeller elýeterli bahalardan hödürlenýär. Bäsleşige ukyply harytlar bolmak aýratyn tapawutlanýan bu önümleriň harytlyk çig mallaryň esasy bölegi öz ýurdymyzdan we daşary ýurtlardan hem sargytlar arkaly getirilýär. Kärhananyň ussat ussalary bir aýda 195 kwadrat metr çig maly işläp önüm öndürmekde netijeli zähmet çekýärler. Bu kärhanada esasan ýaşlaryň zähmet çekmegi hem Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýaşlara işlemäge, dürli kärlerde zähmet çekmäge döredip berýän giň mümkinçilikleriniň aýdyň nyşanydyr. “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan- bedew batly at-myradyň mekany” ýylynda has-da joşgunly zähmet çekýän hususy kärhananyň işçileri halkymyzyň ösen isleglerini kanagatlandyrmak maksady bilen şu günler mebel önümleriniň has döwrebap, täze görnüşlerini öndürmegiň üstünde işleýärler. Işewür telekeçiler özleri üçin döredip berýän giň mümkinçilikleri üçin türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş hem hoşallyk sözlerini aýdýarlar. Azat Beglanow.

72
72 02.07.2026
,,Gülüň owadan“  atly bäsleşiginiň Mary welaýaty boýunça tapgyry geçirildi

       Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşiniň, Kärdeşler arkalaşyklarynyň milli merkeziniň, ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň Milli toparynyň Sekretariatynyň Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň çeper elli, zähmetsöýer zenanlarynyň arasynda yglan eden  ,,Gülüň owadan“  atly bäsleşiginiň Mary welaýaty boýunça geçirilen tapgyry hem göwün göteriji duýgulara baý bolup, ol egsilmeýän ýokary ruhubelentlige beslendi. Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Mary welaýat Zenanlar bölüminiň guramagynda Mary şäherindäki “Bagt köşgi” dabaralar merkezinde geçirilen bäsleşigiň bu tapgyryna welaýatyň ähli etrapdyr şäherlerinden gelen, bäsleşigiň deslapky tapgyrlarynda ýeňiji bolan çeper elli zenanlaryň uly topary gatnaşdy. ,,Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan-bedew batly at-myradyň mekany” ýylynda guramaçylykly geçirilen bu bäsleşigiň dowamynda gollary hünärli zenanlar asyrlardan asyrlar aşyp, öz milliligini ýitirmän häzirki döwre gelip ýeten, türkmen halkynyň öýleriniň bezegine öwrülen türkmen keçesini taýýarlamakda öz ukyp-başarnyklaryny görkezdiler. Bäsleşigiň talabyna laýyklykda oňa gatnaşan zenanlar ajaýyp döwrümiziň gözel tebigatyny suratlandyrýan täze nagyşly, türkmen milli keçelerini taýýarlamak işleriniň ýagny, ýüň saýmak, saýlamak, boýamak, daramak, keçe gamşyny dokamak, keçe güllemek we basmak ýaly ýerine ýetirilýän pursatlaryny görkezmek we olary çeper dilde wasp etmek ýaly şertler boýunça özara bäsleşdiler. Şeýle hem türkmen keçesiniň gülleriniň aýratynlygy hem-de keçe önümleri bilen baglanyşykly taryhy maglumatlary, gyzykly rowaýatlary gürrüň bermek arkaly gazallary, aýdyşyklary ussatlyk bilen ýerine ýetirdiler. Bu ýerde zenan dünýäsine mahsus el işlerinden, owadan nagyşly keçelerden, haly we haly önümlerinden, gyz-gelinlerimiziň bezegi bolan milli şaý-seplerde guralan baý sergi hem dabara özboluşly öwüşgin çaýdy. Diýseň gyzykly we ýokary ruhubelentlikde geçirilen bu bäsleşikde ýeňiji bolanlar Kärdeşler arkalaşyklarynyň Mary welaýat birleşmesiniň ýadygärlik sowgatlary bilen sylaglandylar we olar bäsleşigiň döwlet derejesinde geçiriljek jemleýji tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazandylar. Bäsleşige gatnaşan zenanlar halkymyzyň milli mirasyny ösdürmekde ägirt uly işleri amala aşyrýan we türkmen zenanlaryna döredijilikli zähmet çekmeklige giň şertleri döredip berýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň we Hormatly Prezidentimiz, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna hoşallyk sözlerini aýtdylar.    Merjen Çaryýarowa.

124
124 27.06.2026
Dabaraly maslahat geçirildi

     Ýurdumyzda giňden bellenilýän Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet gününe bagyşlanyp Kärdeşler Arkalaşyklarynyň Mary welaýat birleşmesiniň, Demokratik partiýanyň welaýat komitetiniň hem-de welaýat medeniýet müdirliginiň bilelikde gurnamagynda dabaraly maslahat geçirildi. ,,Medeniýet milletiň döredijilik kuwwatydyr” diýen at bilen geçirilen bu dabaraly maslahatda çykyş edenler Hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda  ýurdumyzda medeniýet ulgamynyň ösdürilişi, bu ugurda zähmet çekýän sungat işgärlerine döredilýän ajaýyp şertler, türkmen medeniýetiniň döwrebaplylygy hem-de halypa-şägirtlik ýolunyň ösdürilişi dogrusynda buýsançly bilen bellediler. Bu ýerde sungat ussatlary hem çykyş edip özlerine döredijilikli zähmet çekmäne döredilýän giň mümkinçilikler üçin türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyşly sözlerini beýan etdiler. Dabaraly maslahatyň dowamynda medeniýet we sungat ussatlarynyň aýdym-sazly çykyşlaryna uly orun berildi. Belentden ýaňlanan her bir şirin aýdymdyr-mukamlarda  eziz Watanymyzyň ösüşleri, beýik söz ussady bolan Magtymguly Pyragynyň döredijiligi hem-de Hormatly Prezidentimiziň türkmen medeniýetini dünýä ýaýmakda alyp barýan belent maksatly işleri giňden wasp edildi. Merjen Çaryýarowa.                                            

93
93 27.06.2026
Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet gününe bagyşlanyldy

      Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli Mary welaýat häkimliginiň, welaýat Medeniýet müdirliginiň hem-de welaýatyň jemgyýetçilik guramalarynyň bilelikde gurnamaklarynda geçirilen aýdym-sazly dabara hem ýokary ruhubelentlige beslendi. “Türkmeniň Ak öýi” binasynyň öňündäki bezelen toý meýdançasynda gurnalan bu dabara il sylagly ýaşulular, kümüş saçly mährem eneler, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, medeniýet hem sungat işgärleri, ýazyjy – şahyrlar, bilim, saglygy goraýyş, sport ulgamlarynyň wekilleri, talyp ýaşlar we köpsanly bagtyýar ýaşaýjylar uly rububelentlikde gatnaşdylar. Bagtyýarlyk ruhuna beslenen bu dabarada welaýatyň medeniýet – sungat ussatlary we  bagşy – sazandalary, estrada aýdymçylary özleriniň döwrebap çykyşlary, aýdym – sazlary bilen toý mähellesiniň göwünlerini göterdi. Toý meýdançasynyň bezelen sahnasynda çykyş eden sungat ussatlarynyň  hoş owazly aýdym – sazlarynda milli medeniýetimizi we sungatymyzy dünýä ýüzünde dabaralandyrýan Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de peder ýoluny üstünlikli dowam edýän Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň alyp barýan rowaç işleriniň, bagtyýar döwrümizde giňden bellenilýän toý – baýramlaryň şatlygy, halkymyzyň asuda we parahat durmuşy uly joşgun bilen wasp edildi. Tans hem-de folklor toparlaryň ussatlyk bilen janlandyran folklor eserlerinde, ajaýyp tanslarynda milli ýol – ýörelgelerimize belent sarpa goýýan türkmen halkymyzyň däp – dessurlary aýratyn şöhlelendirildi. Göwün göteriji bu dabaranyň dowamynda Mary welaýatynyň Kemine adyndaky döwlet drama teatrynyň artistleriniň görkezen edebi sazly kompozisiýasy hemmelerde şatlyk-şowhun döredip, baýramçylygyň dabarasyny artdyrdy. Şatlyk – şowhun bilen ýerine ýetirlen her bir çykyş dabaranyň şowhunyny artdyryp, halkymyzyň bagtyýar ertiriniň aladasyny edýän Arkadagly Gahryman Serdarymyza çäksiz alkyşlar bolup ýaňlandy. Dabaranyň ahyrynda dabara gatnaşyjylar her bir güni ösüşlere beslenýän bagtyýar döwrümizde milli medeniýetimize we sungatymyza belent sarpa goýýan, döredijilik işgärlerine ähli mümkinçilikleri döredip berýän Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, alyp barýan işleriniň diňe rowaçlyklara beslenmegini tüýs ýürekden arzuwladylar. Dursun Ilbegiýewa.

79
79 27.06.2026
Magtymguly Pyragynyň heýkeline gül goýmak dabarasy boldy

           Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli geçirilen dabaralar ýurdumyzyň Mary welaýatynda-da ýokary ruhubelentlige beslendi. Bu şanly senä bagyşlanyp Gündogaryň Beýik akyldar şahyry Magtymguly Pyragynyň Mary şäheriniň iň bir gözel künjeginde oturdylan nurana heýkeliniň öňündäki toý meýdançasynda hem baýramçylyk dabarasy geçirildi. ,,Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan, bedew batly at-myradyň mekany” ýylynda tutumy uludan tutulan bu baýramçylyk dabarasynyň başy akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň heýkeline gül goýmak çäresinden başlandy. Welaýatyň jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, medeniýet hem sungat işgärleri, talyp ýaşlar, şahyryň pähim – paýhasyna, gymmatly edebi mirasyna çuňňur sarpa goýýan dürli ýaşdaky, dürli kärdäki adamlar heýkeliň öňüne ter gül desselerini goýup, tagzym etdiler. Baýramçylyk mynasybetli guralan bu medeni çäre ady äleme dolan beýik ynsanyň gymmatly eserlerine welaýatyň ilatynyň belent hormat – sarpa goýýandygynyň aýdyň alamatyna öwrüldi. Merjen Çaryýarow.

81
81 27.06.2026
Aýdym-sazly dabara geçirildi

Ýurdumyzda giňden bellenilýän medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli Mary welaýatynyň Ýolöten etrap häkimliginiň,Türkmenistanyň Kärdeşler Arkalaşygynyň Milli merkeziniň we etrap medeniýet bölüminiň bilelikde guramaklarynda aýdym-sazly dabara geçirildi.Ýolöten şäheriniň  döwrebap Medeniýet öýünde geçirilen bu dabara etrabyň medeniýet ulgamynda zähmet çekýän bagtyýar raýatlary gatnaşdylar. Dabaranyň dowamynda etrabyň medeniýet we sungat ussatlarynyň aýdym-sazly, hoş owazly çykyşlaryna we döwrebap tanslara giň orun berildi. Dabaradaky ýürekleri joşduran şirin mukamlaryň ählisi halkymyza baky bagtyýarlygy bagyş eden Türkmen Halkynyň Milli Liderimiziň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna tüýs ýürekden çykýan alkyş sözleri bolup ýaňlandy.Berkarar döwlerimiziň täze eýýamynyň galkynyşy döwründe milli medeniýetimizi ösdürmek, ony dünýä ýaýmak barada edýän taýsyz tagallalary üçin Türkmen Halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna tüýs ýürekden çykýan alkyş sözlerini beýan etdiler. Maýa Annameredowa

82
82 27.06.2026
Muzeýe gezelenç edildi

    “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan - bedew batly at-myradyň mekany” ýylynda, öz gözbaşyny müňýyllyklardan alyp gaýdýan milli medeniýetimizi we sungatymyzy dünýä tanatmakda nusga alarlyk işler alynyp barylýar. Ýurdumyzda giňden bellenilýän Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli Türkmenisanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Mary welaýat we Şatlyk şäher birleşmeleriniň, hem-de Mary welaýat Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň bilelikde guramaklarynda “Arkadagly Diýarymyň medeni mirasy bakydyr” atly gezelenç gurnaldy. Halkymyzyň ruhy ahlak gymmatlyklaryna, milli medeniýetine, däp-dessuryna daýanyp, ýaş nesillerde milli gymmatlyklarymyza bolan söýgini artdyrmakda-da birnäçe işler durmyşa geçirilýär. Gezelenjiň dowamynda oňa gatnaşan köp asyrlyk taryhymyz bilen ýakyndan tanyşdylar. Olar özleriniň birnäçe gyzyklanýan soraglaryna jogap tapdylar. Gezelenje gatnaşanlar milli medeniýetimizi, taryhy geçmişimizi öwrenmäge we dünýä ýaýmaga nusgalyk işleri alyp barýan Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş hem hoşallyk sözlerini beýan etdiler.  Maýa Annameredowa.

240
240 15.06.2026
Biz — bagtyýar çagalar

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde geljegimiziň eýeleri bolan körpeler hakynda yzygiderli alada edilýär. Çagalaryň tomusky dynç alyş möwsümini gyzykly we şadyýan geçirmegi üçin ähli mümkinçilikler döredilýär. “Arkadagyň bagtyýar nesilleri” çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezinde hem welaýatymyzyň dürli ýerlerinden gelen çagalar wagtlaryny hoş geçirýärler. Ýakynda Türkmenistanyň ýaşlar bedenterbiýe-sport guramasynyň welaýat bölüminiň guramagynda bu ýerde dynç alýan çagalaryň arasynda stoluň üstünde oýnalýan tennis boýunça ýaryş geçirildi. Gyzgalaňly geçen ýaryşda “Gaýratly” topary 1-nji, “Joşgun” topary 2-nji, “Şatlyk” topary 3-nji orunlara mynasyp boldular. Ýeňiji bolanlara Türkmenistanyň ýaşlar bedenterbiýe-sport guramasynyň welaýat bölüminiň Hormat hatlary gowşuryldy. Altyn HALILLAÝEWA.

210
210 15.06.2026
Körpeleriň ýaryşy

Ýakynda welaýat baş bilim müdirliginiň hem-de TMÝG-niň şäher geňeşiniň bilelikde guramagynda 11-nji çagalar bakja-bagynda şäheriň çagalar bakja-baglarynyň körpeleriniň gatnaşmagynda “Körpe türgenler” ady bilen welosiped sürmek boýunça ýaryş geçirildi. Ýaryş körpeler üçin örän gyzykly boldy. Çekeleşikli geçen ýaryşda körpeler öz aralarynda ýaryşdylar. Ýaryşyň şertlerine laýyklykda olar öz ukyp-başarnyklaryny görkezdiler. Emin agzalarynyň adalatly baha bermeginde körpeleriň birnäçesi öňe saýlandy we baýrakly orunlara eýe boldy. Ýeňijilere TMÝG-niň şäher geňeşiniň Hormat hatlary we ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy. Şatlykly pursatlara beslenen ýaryşyň ahyrynda körpeler ajaýyp zamanada sport bilen meşgullanmaga, bilim almaga giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza çäksiz sagbolsunlaryny aýtdylar. Abdylla HUDAÝBERDIÝEW.

246
246 12.06.2026
Bedew batly Watanym

Etrap häkimliginiň, TDP-niň etrap komitetiniň, TKA-nyň etrap birleşmesiniň, TMÝG-niň etrap geňeşiniň bilelikde guramagynda şäher medeniýet öýünde “Bedew batly Watanym” ady bilen maslahat geçirildi. Maslahata etrap häkimliginiň hünärmenleri, syýasy partiýanyň we jemgyýetçilik guramalarynyň işgärleri we işjeň agzalary gatnaşdylar. Maslahatda TDP-niň etrap komitetiniň başlygy, etrap halk maslahatynyň başlygy Toýly Anyşow, TKA-nyň etrap birleşmesiniň başlygy Rozymuhammet Artykow, TDP-niň etrap komitetiniň partiýa guramaçysy Şasenem Röwşenowa çykyş etdiler. Çykyş edenler mukaddes Garaşsyzlygymyzyň saýasynda gazanylan ajaýyp ösüşler, ýetilen belent sepgitler, “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” ýylymyzyň her bir gününiň şanly wakalara beslenýändigi dogrusynda giňişleýin gürrüň etdiler. Merjen MEJYÝEWA.

235
235 11.06.2026
Welaýat saýlaw topary täzeden döredilýär

Döwlet Baştutanymyzyň amala aşyrýan giň gerimli özgertmeleriniň netijesinde, syýasy ulgamy has-da kämilleşdirmäge, döwlet we jemgyýetçilik durmuşynyň ähli taraplaryny demokratiýalaşdyrmaga aýratyn orun berilýär. Ýurdumyz bu günki gün demokratik ýörelgeleri çuňlaşdyrmak ýoly bilen öňe ynamly gadam urýar. Demokratik şertleriň çäklerinde ýurdumyzda her bir raýatyň saýlaw hukuklarynyň üpjün edilmegine hem uly üns berilýär. Ýurdumyzda saýlawlar Türkmenistanyň Konstitusiýasyna, Türkmenistanyň Saýlaw kodeksine laýyklykda guramaçylykly geçirilýär. Raýatlaryň saýlaw hukuklarynyň kepillikleriniň kanunalaýyk üpjün edil-meginde ýurdumyzda hereket edýän saýlaw toparynyň möhüm ähmiýeti bardyr.  Mälim bolşy ýaly, welaýat saýlaw toparynyň ygtyýarlyk möhletiniň tamamlanmagy sebäpli, welaýat saýlaw toparynyň täze düzümini döretmek işleri Türkmenistanyň Saýlaw kodeksine laýyklykda, tassyklanylan meýilnama esasynda amala aşyrylýar. Welaýat saýlaw toparlary Merkezi saýlaw topary tarapyndan 9 — 13 agzadan ybarat düzümde döredilýär. Türkmenistanyň Saýlaw kodeksiniň 18-nji maddasyna laýyklykda, welaýat saýlaw toparlarynyň düzümine wekiller syýasy partiýalaryň, jemgyýetçilik birleşikleriniň, welaýat, etrap, şäher guramalarynyň mejlislerinde, raýatlaryň toparlarynyň ýygnaklarynda hödürlenildi. Raýatlar toparlary tarapyndan saýlaw toparynyň düzümine wekil hödürlemek boýunça raýatlaryň ýygnagyna degişli etrabyň, şäheriň çäginde ýaşaýan saýlaw hukukly raýatlar gatnaşdylar. Welaýat saýlaw toparynyň düzümine wekil hödürlemäge bagyşlanan mejlislerde we ýygnaklarda saýlaw toparynyň düzümine hödürlenilýänleriň çäklendirilmedik sany ara alnyp maslahatlaşyldy. Her mejlisde we ýygnakda welaýat saýlaw toparynyň düzümine kanunalaýyklykda diňe bir wekil, özi hem il içinde uly abraýdan peýdalanýan, guramaçy, işbaşarjaň adam hödürlenildi. Welaýat saýlaw toparynyň düzümine saýlanan agzalar geljek bäş ýylyň dowamynda geçiriljek saýlawlaryň guramaçylykly geçirilmegine işjeň gatnaşarlar.  Gulälek GURBANGULYÝEWA.

336
336 19.05.2026
Döwletimiziň mukaddes nyşanlary

Döwlet nyşanlarymyzy we Baş Kanunymyzy sarpalamak, olaryň many-mazmunyny ýaş nesilleriň kalbyna siňdirmek maksady bilen welaýat kitaphanasynyň kiçi mejlisler zalynda welaýat kitaphanasynyň hem-de Türkmengala etrap merkezi kitaphanasaynyň bilelikde guramagynda «Döwletimiziň mukaddes nyşanlary» atly maslahat geçirildi. Oňa kitaphanaçylar, harby gullukçylar, welaýatyň «Marguş» çagalar we ýetginjekler döredijilik öýüniň çagalary, Mary şäherindäki daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen 11-nji we 23-nji orta mekdepleriň okuwçylary gatnaşdylar. Maslahatyň dowamynda belent sepgitleri we watançylyk ýörelgelerini öz içine alýan birnäçe gymmatly çykyşlara giň orun berlip, onda Türkmengala etrap merkezi kitaphanasynyň kitaphanaçysy Oguljan Paýzyýewa, Türkmenistanyň Döwlet Serhet gullugynyň serkerdesi Merdan Muhamow, welaýat kitaphanasynyň kitaphanaçysy Göwher Ataýewa çykyş etdiler. Olar parahatçylygyň we durnuklylygyň nyşany bolan Döwlet baýdagymyza goýulýan sarpanyň ýokarydygy, onuň giň many-mazmuna eýedigi, Baş Kanunymyzda bellenilýän her bir maddanyň halkymyzyň bähbidine gönükdirilendigi hakynda giňişleýin gürrüň etdiler.  Maslahatyň dowamynda «Marguş» çagalar we ýetginjekler döredijilik öýüniň «Ýaş jahankeşde» gurnagynyň ýolbaşçysy Gülnar Meredowanyň okuwçylarynyň döwlet nyşanlarymyzy, asuda we bagtyýar durmuşymyzy wasp edýän şygyrlary labyzly we joşgunly okap bermekleri gatnaşyjylaryň ählisinde ýakymly ýatlamalary galdyrdy. Merjen ATAÝEWA.  

326
326 19.05.2026
Ýaşyl tugy täç edinip, öňe barýar eziz Watan!

 Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň gününe bagyşlanylyp, TAP-nyň welaýat, Mary şäher komitetleriniň bilelikde guramagynda  TKA-nyň welaýat birleşmesiniň mejlisler zalynda “Ýaşyl Tugy täç edinip, öňe barýar eziz Watan!” ady bilen maslahat geçirildi. Maslahata Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlary, welaýat, etrap, şäher halk maslahatlarynyň agzalary, TAP-nyň welaýat, şäher komitetleriniň işgärleri gatnaşdylar.  Maslahatda TAP-nyň welaýat komitetiniň bölüm müdiri Güljemal Nazarowa, TKA-nyň Şatlyk şäher birleşmesiniň başlygy Gurbanmuhammet Babaýew, TAP-nyň Murgap etrap komitetiniň hünärmeni Näzik Mukymowa çykyş etdiler. Çykyş edenler eziz Watanymyzyň her bir gününiň toý-baýramlara beslenýändigi, Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň güni  mynasybetli geçirilýän  baýramçylyk çäreleriniň ýurdumyzyň ähli ýerinde giňden dabaralanýandygy dogrusynda giňişleýin gürrüň etdiler.  Mähriban MUHAMMETMYRADOWA.  

309
309 19.05.2026
Goşa baýramyň joşguny

“Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” ýylynyň şanly senesi bolan Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň güni uly şatlyk-şowhuna beslendi. Ýurdumyzyň ähli ýerlerinde bolşy ýaly, bu baýramçylygyň dabarasy biziň welaýatymyzda-da giňden ýaýbaňlandyryldy. Mary şäherindäki Baş baýdak meýdançasy ir säherden köp adamly boldy. Toý lybasly meýdançadaky ýaşyl Baýdaklaryň buýsançly görnüşi dabaranyň şowhunyny has-da artdyrdy. Bu sene mynasybetli bu ýere ýygnanan adamlaryň ruhubelentligi dabara baýramçylyk öwüşginini çaýdy.  Baýramçylyk mynasybetli Döwlet baýdagyny galdyrmak dabarasyna welaýat häkimliginiň ýolbaşçylary, şäher, etrap häkimleri, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlary, edara-kärhanalaryň ýolbaşçylary, syýasy partiýalaryň we jemgyýetçilik guramalarynyň hem-de ýaşuly nesliň wekilleri we ýaşlar gatnaşdylar. Dabarada Marynyň Ýolaman Hummaýew adyndaky ýörite sazçylyk mekdebiniň talyplarynyň ýerine ýetirmeklerinde Türkmenistanyň Döwlet senasy ýaňlandy we buýsançly owazyň astynda Döwlet baýdagy galdyryldy. Baýdak galdyrmak dabarasynda welaýatyň häkimi Döwranberdi Annaberdiýew, Sakarçäge etrabynyň ýaşaýjysy Tuwakmyrat Jumaýew, welaýat statistika müdirliginiň bölüm başlygy, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty Jumageldi Ataýew, welaýat halk maslahatynyň başlygy Maksat Atajanow çykyş etdiler. Çykyş edenler dabara gatnaşyjylary Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň güni bilen mähirli gutladylar. Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda durmuşa geçirilýän giň möçberli işler, ýetilen sepgitler dogrusynda buýsançly gürrüň etdiler. Soňra bu dabara aýdym-sazly çykyşlara utgaşdy. Welaýatymyzyň medeniýet we sungat ussatlarynyň aýdym-sazly çykyşlary, tansçylaryň şowhunly tanslary baýramçylyk dabarasynyň şatlyk-şagalaňyny artdyrdy. Aýparça AKYMOWA.

318
318 19.05.2026
Mukaddesliklere goýulýan belent sarpa

Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň güni mynasybetli Türkmenistanyň Agrar Partiýasynyň Mary welaýat we Mary şäher komitetleriniň hem-de Mary  welaýat Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň bilelikde gurnamaklarynda terbiýeçilik ähmiýetli, wagyz – nesihat çäresi geçirildi. Bu dabara Türkmenistanyň Agrar Partiýasynyň welaýat, şäher, etrap komitetleriniň işgärleri we işjeň agzalary we muzeý işgärleri uly ruhubelentlikde  gatnaşdylar. Dabaranyň dowamynda çykyş edenler beýik özgertmeleriň we ösüşleriň ýoly bilen öňe barýan eziz ýurdumyzda  ynsanperwerlik, parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşyçylyk ýörelgelerini öňe sürýän Arkadagly Gahryman  Serdarymyzyň ýolbaşçylygynda Konstitusiýamyza we Döwlet baýdagymyza belent sarpa goýulýar we bu goşa baýramyň Diýarymyzda ýokary ruhubelentlikde bellenilmegi halkymyzy täze ýeňişlere ruhlandyrýan diýip uly buýsanç bilen belläp geçdiler. Şeýle-de  Hormatly Prezidentimiziň döwletli baştutanlygynda halkymyzyň milli öwüşginli medeni mirasyny  goramak, aýawly saklamak we muzeýleşdirmek işleriniň üstünlikli alnyp barylýandygyny we  ýurdumyzda hereket edýän döwlet muzeýlerindäki gadymy türkmen taryhynyň öçmez syrlary bolan milli medeni gymmatlyklarymyzyň, taryhy tapyndylarymyzyň sanynyň barha artýandygyny aýratyn nygtap geçdiler. Hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda halkymyzyň geçmiş taryhyny, milli mirasyny gorap, geljekki nesillere miras goýmak, muzeý gymmatlyklarynyň üsti bilen Watanymyzyň şöhratly taryhyna söýgi döretmek, şeýle-de, muzeý hünärmenleriniň hünär ussatlygyny kämilleşdirmek dogrusynda täsirli gürrüňler edildi. Dabara gatnaşan bagtyýar adamlar asudalygyň we bagtyýarlygyň nyşany bolan, parahatçylyk we adalatlylyk baradaky milli düşünjeleri özünde jemleýän  Konstitusiýamyz,  dostlugymyzyň we hoşniýetliligimiziň nyşany hökmünde ýer ýüzünde belentde pasyrdaýan Döwlet baýdagymyz biziň milli guwanjymyzdyr, dünýä ýaň salýan abraýymyz we mertebämizdir diýip ýürek buýsançlaryny belläp geçdiler. Dabara gatnaşanlar halkymyzyň medeni mirasyny  goramak, aýawly saklamak we geljekki nesillere miras goýmak ugrunda giň mümkinçilikleri döredip berýän Hormatly Prezidentimiziň janynyň sag bolmagyny, ömrüniň uzak bolmagyny, alyp barýan döwlet ähmiýetli işleriniň diňe rowaçlyklara beslenmegini tüýs ýürekden arzuwladylar. Aýnabat Annagurbanowa.

325
325 19.05.2026
Okuw maslahaty geçirildi.

    Türkmenistanyň Kärdeşler Arkalaşyklarynyň Mary welaýat birleşmesiniň gurnamagynda Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni mynasybetli okuw maslahaty geçirildi.Okuw maslahatyna Türkmenistanyň Kärdeşler Arkalaşyklarynyň welaýat çäk birleşmeleriniň,pudaklaýyn geňeşleriniň we ilkinji guramalarynyň ýolbaşçylary,bölüm müdirleri,hünärmenleri gatnaşdylar. Bu ýerde çykyş eden adamlar maslahata gatnaşanlary Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni mynasybetli gutladylar.Şeýle-de Hormatly Prezidentimiziň alyp barýan il-ýurt bähbitli syýasatlaryny wagyz etmekde,ilkinji guramalaryň alyp barýan işleriniň netijeliligini ýokarlandyrmakda durmuşa geçirilýän işler dogrusynda durup geçdiler. Kärdeşler Arkalaşygy guramalaryna täze iş usullaryny ornaşdyrmak, iş  tejribesini alyşmak barada hem aýratyn nygtalyp geçildi.Okuw maslahatyna gatnaşanlar Kärdeşler Arkalaşyklarynyň işlerini özgertmekde amala aşyrýan işleri üçin Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza hem-de Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar. Çarymuhammet Saparow.

316
316 19.05.2026
Baýdagymyz-başymyzyň täjidir, Kanunymyz-kalbymyzyň güýjidir

    “Garaşsyz baky Bitarap Türkmenistan bedew batly at myradyň mekany” ýylynda Türkmenistanyň döwlet energetika institutynda, “Türkmenistanyň konstitusiýasynyň we Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň güni” mynasybetli Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýat Geňeşi we şäher, etrap Geňeşleri hem-de Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň bilelikde guramaklarynda  “Baýdagymyz-başymyzyň täjidir, Kanunymyz-kalbymyzyň güýjidir” atly aýdym-sazly maslahat duşuşygy geçirildi. Duşuşyga ýaşlar guramasynyň Mary welaýat geňeşiniň işgärleri, institutyň professor mugallymlary we talyp ýaşlary gatnaşdylar. Maslahatda çykyş edenler “Garaşsyz baky Bitarap Türkmenistan bedew batly at myradyň mekany” ýylynda ýurdumyzda alynyp barylýan işler we Garaşsyzlyk ýyllary içinde milli ykdysadyýetimizi ähli taraplaýyn ösdürmekde Esasy Kanunymyzyň  ähmiýeti we Watanymyzyň asudalygynyň, jebisliginiň, erkana ýaşaýşymyzyň nyşany hökmünde belentde parlaýan ýaşyl Tugumyzyň mukaddesligi dogrusynda giňişleýin gürrüňler etdiler. Maslahata gatnaşanlar il-ýurt bähbitli uly işleri durmuşa geçirýän, Watanymyzyň halkara abraýyny belende göterýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna alkyş sözlerini aýtdylar. Şeýle-de bu ýerde talyp ýaşlaryň aýdym-sazly çykyşlaryna-da uly orun berildi. Nurjahan Mämmedowa.

306
306 19.05.2026
Konstitusiýanyň we Döwlet baýdagynyň gününe bagyşlanan dabaraly maslahat

   Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň, Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň parasatly baştutanlygynda türkmen halkymyz ösüşlerden ösüşlere barýar. Her bir günümiz toý – baýramlara, şanly wakalara beslenýär. Her ýyl Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni uly dabaralar bilen bellenip geçirilýär. Şu goşa mukaddeslige bagyşlanyp Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Mary welaýat, Mary, Baýramaly şäher, Oguzhan, Mary, Wekilbazar, Sakarçäge, Baýramaly, Garagum, Türkmengala, Ýolöten, Murgap etrap komitetleriniň we welaýat Baş bilim müdirliginiň bilelikde gurnamagynda “Parahatlyk nyşany sen baýdagym, adalat Kanunym köňül aýdymym” atly dabaraly maslahat geçirildi. Maslahata Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlary, welaýat, şäher, etrap Halk Maslahatynyň agzalary, Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Mary welaýat, şäher, etrap komitetleriniň işgärleri we işjeň agzalary, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar. Bu maslahatda edilen çykyşlarda Diýarymyzyň Garaşsyzlygyny, hemişelik Bitaraplygyny pugtalandyrmakda, raýatlarymyzyň hukuklaryny kepillendirmekde, milli ykdysadyýetimizi ähli taraplaýyn ösdürmekde Esasy Kanunymyzyň orny we ähmiýeti barada giňişleýin gürrüň edildi. Bu ýerde çykyş edenler Watanymyzyň asudalygynyň, jebisliginiň, erkana ýaşaýşymyzyň nyşany hökmünde belentde parlaýan ýaşyl Tugumyzyň mukaddesligi dogrusynda hem buýsançly söhbet etdiler. Maslahata gatnaşanlar il-ýurt bähbitli uly işleri durmuşa geçirýän, Watanymyzyň halkara abraýyny belende göterýän Hormatly Prezidentimiziň adyna alkyş we hoşallyk sözlerini beýan etdiler. Nabat Atajanowa.

1796
1796 11.05.2025
Bahar paslynyň ajaýyp gözelligi

Bahar paslynyň ajaýyp gözelligi

1603
1603 11.05.2025
Fotoreportaj: Futbol boýunça Türkmenistanyñ çempionaty 12-nji tapgyr Altyn Asyr - Merw

Fotoreportaj: Futbol boýunça Türkmenistanyñ çempionaty 12-nji tapgyr Altyn Asyr - Merw

1855
1855 11.05.2025
Fotoreportaj: Futbol boýunça Türkmenistanyñ çempionaty Merw 1-1 Altyn Asyr

Fotoreportaj: Futbol boýunça Türkmenistanyñ çempionaty Merw 1-1 Altyn Asyr

1797
1797 04.05.2025
Fotoreportaž: Mary welaýaty: Çagalary goramagyň halkara güni mynasybetli geçirilen dabaralardan pursatlar

Fotoreportaž: Mary welaýaty: Çagalary goramagyň halkara güni mynasybetli geçirilen dabaralardan pursatlar

1743
1743 03.05.2025
Fotoreportaž: Mary welaýatynda Bütindünýä welosiped güni bellenilip geçildi.

Fotoreportaž: Mary welaýatynda Bütindünýä welosiped güni bellenilip geçildi.

2046
2046 02.05.2025
Fotoreportaž: Mary welaýaty: Türkmenistanyň ÝUNESKO agzalygyna kabul edilmeginiň 30 ýyllygyna bagyşlanan dabaralardan pursatlar.

Fotoreportaž: Mary welaýaty: Türkmenistanyň ÝUNESKO agzalygyna kabul edilmeginiň 30 ýyllygyna bagyşlanan dabaralardan pursatlar.

1557
1557 01.05.2025
Fotoreportaj: DÇ-2026 saýlama tapgyry Türkmenistan 0-1 Eýran yslam respublikasy

Fotoreportaj: DÇ-2026 saýlama tapgyry Türkmenistan 0-1 Eýran yslam respublikasy

1850
1850 12.04.2025
Fotoreportaj: Mary şäheriniň Çagalar çeperçilik mekdebiniň okuwçylarynyň işleri

Fotoreportaj: Mary şäheriniň Çagalar çeperçilik mekdebiniň okuwçylarynyň işleri

Mahabat

Copyright © merw-news.com 2026 | Ähli hukuklar goragly.