Mary welaýatynda galla oragyna badalga berildi
Hormatly Prezidentimiziň 22-nji maýda sanly ulgam arkaly geçiren Ministrler Kabinetiniň Mejlisinde şu ýylyň galla oragyna başlamak barada ýurdumyzyň gallaçy daýhanlaryna beren ak patasy bilen baglanşykly Mary welaýat häkimliginde ýörite maslahat geçirildi. Bu maslahata welaýat häkimliginiň jogapkär işgärleri Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlary, welaýat, şäher, etrap Halk Maslahatynyň agzalary, oba hojalyk toplumynyň işgärleri, gallaçy kärendeçiler, welaýatyň syýasy partiýalarynyň we jemgyýetçilik guramalaryň wekilleri, edara - kärhanalaryň, bilim, saglygy goraýyş ulgamlarynyň işgärleri, ýaşuly nesliň wekilleri we ýaşlar gatnaşdylar. Maslahatda welaýatyň ak ekinli meýdanlarynda “Garaşsyz baky Bitarap Türkmenistan bedew batly at myradyň mekany” ýyly diýlip atlandyrylan şu ýylda daýhan zähmeti bilen ýetişdirilen bereketli bugdaý hasylyny gysga möhletde, ýitgisiz ýygnap, Watan harmanyna tabşyrmak boýunça öňde duran möhüm hem gaýragoýulmasyz wezipeler giňden ara alnyp maslahatlaşyldy. Onda şu jogapkärli möwsüm döwründe ýygym tehnikasynyň, meýdanlarda ýygnalýan hasyly galla kabul ediş merkezlerine daşaýan awtoulaglaryň, traktor tirkegleriniň işini gije – gündiz takyk hem sazlaşykly gurap, gymmatly wagtyň her bir minutyndan netijeli peýdalanmak dogrusynda giňişleýin we işjeň pikir alşyldy. Soňra dabara gatnaşýanlar Mary welaýat Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýine baryp, bu ýerde geçmişde bugdaý hasylynyň ýetişdirilişi, ýygnalyşy we saklanylyşy baradaky taryhy gymmatlyklary gyzyklanma bilen synladylar. Munuň özi olaryň kalbynda halkymyzyň bäş müň ýyllyk şöhratly taryhyna bolan buýsanjy artdyrdy. Soňra maslahata gatnaşýanlar welaýat derejesinde galla oragyna girişilýän ýer bolan Garagum etrabynyň “Ak altyn” daýhan birleşiginiň gallaly meýdanlarynyň gyrasyna bardylar. Olar Hormatly Prezidentimiz, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň daýhanlara dünýäniň ösen döwletleriniň önüm öndürijilerinden satyn alyp beren ýokary tehnologiýaly oba hojalyk tehnikalarynyň, gurallarynyň, kuwwatly ýük awtoulaglarynyň dabaranyň geçýän ýerindäki uzyn hatarlaryny höwes bilen synladylar. Daýhanyň hakyky daýanjy bolan şol tehnikalar welaýatda şu ýyl ýetişdirilen bereketli bugdaý hasylyny gysga möhletde, iň soňky dänesine çenli ýygnap alyp, döwlet harmanyna tabşyrmaga ýardam berer.
Welaýatyň il sylagly ýaşulularynyň galla oragyna bissimylla bilen başlap bermekleri gallaçy daýhanlaryň şu günki zähmet baýramçylygynyň iň dabaraly pursatlary boldy. Bu ýerde dabara gatnaşýanlaryň şatlyk – şowhuny bilen kuwwatly hem ýokary öndürijilikli däne orujy kombaýnlary herekete girizilip, bugdaý oragyna guramaçylykly girişildi. Welaýatyň ussat kärendeçileriniň, gallaçy-daýhanlarynyň “Garaşsyz baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at myradyň mekany” ýylynda der döküp kemala getiren bugdaý hasyllary ýüklenen awtoulag kerweni Mary şäheriniň görkana köçelerini bezäp, oňa özboluşly öwüşgin çaýdy. Ak bugdaýyň mekany hasaplanylýan eziz Diýarymyzy, daýhan zähmetini, bereketli türkmen topragyny wasp edýän göwün göteriji şygarlar bilen bezelen ýük awtoulaglarynyň kerweni şäheriň gözel künjeklerinden, owadan binalaryň deňinden geçip, “Marygalla” önümçilik birleşiginiň “Marygalla” kärhanasyna bardy. Üsti bereketli bugdaý hasyly ýüklenen awtoulaglar bu ýerde welaýatyň bagtyýar ýaşaýjylarynyň gatnaşmaklarynda asylly däbe görä üzärlik tütedilip, uly toý şatlygy bilen garşy alyndy. Kärhanada galla oragyna badalga berilmegi hem-de daýhan ýhlasy bilen ýetişdirilen ak bugdaý hasylynyň ilkinji tonnalarynyň kabul edilip başlanmagy mynasybetli dabara geçirildi. Şanly waka mynasybetli Mary welaýat häkimliginiň gurnamagynda geçirilen dabara welaýatyň ýaşuly nesliniň wekilleri, mährem eneler, gallaçy babadaýhanlar, ussat kärendeçiler, daýhan birleşikleriniň, edara-kärhanalarynyň, bilim, saglygy goraýyş we medeniýet ulgamynyň işgärleri we talyp ýaşlar gatnaşdylar. Dabarada çykyş eden adamlar welaýatyň edermen babadaýhanlaryny galla oragyna badalga berilmegi we bugdaý hasylynyň ilkinji tonnalarynyň kabul edilip başlanmagy bilen gutlap, ýurdumyzyň oba hojalykçylaryna bol galla hasylyny ýetişdirmekde berýän kömekdir goldawlary üçin türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza hem-de Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini beýan etdiler. Dabaraly çäreden soň welaýatyň edermen gallaçylarynyň ýetişdiren bol bugdaý hasylynyň ilkinji tonnalary kabul edilip, ol “Marygalla” kärhanasynda gaýtadan işlenip başlandy. Welaýatda galla hasyly ýygnalan meýdanlarda bada – bat bugdaý pahalyndan mallara gyş döwri üçin ätiýaçlyk ot taýýarlamaklyga, ýerleri sürüp, gant şugundyryny, gök, bakja ekinlerini ekmäge taýýarlamaklyga-da guramaçylykly girişildi. Soňra berlen toý sadakasynda il agzybirligi, ýurt abadançylygy, Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, belent başlarynyň aman bolmagy dileg edildi. Çäjiňize bereket, Mary welaýatynyň ussat gallaçy daýhanlary!
Soňra berlen toý sadakasynda okalan aýat-töwirlerde il-agzybirligi, ýurt abadançylygy, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, belent başlarynyň aman bolmagy dileg edildi.
Göwher Ataýewa