Garaşsyz, hemişeli Bitarap Türkmenistan döwletimizde ýaşlaryň sporta bolan höwesini artdyrmak hem-de olary sporta çekmek maksady bilen ýurdumyzyň ähli künjeginde sport desgalary gurlup, ulanylmaga berilýär. Şeýle hem ýurdumyzda sportuň dürli görnüşleri boýunça ýaryşlar yzygiderli geçirilýär. Golaýda Aşgabat şäherindäki “Aşgabat” stadionynda teakwon-do ITF boýunça oglan-gyzlaryň arasynda Türkmenistanyň birinjiligi geçirildi. Oňa ýurdumyzyň ähli künjeginden taekwon-do ITF ussatlary gatnaşdylar.
Çekeleşikli we gyzgalaňly geçen ýaryşda biziň türgenlerimiz özleriniň ukyp-başarnyklaryny görkezip, olaryň birnäçesi öňdäki orunlara mynasyp bolmagy başardylar. Olardan Rejep Amansähedow, Salyh Hezretkulyýew, Myrat Hojanyýazow, Gültäç Agalyýewa, Çary Muhammedow 1-nji, Täçmyrat Durdyýew, Wepa Şamyradow, Setdar Abdyýew, Muhammetberdi Şamyradow, Rahat Jumanazarow 2-nji, Dawut Toýlyýew, Daýanç Agajanow, Ylham Jumaýew, Kümüş Ataýewa, Ogulbagt Aşgabadowa, Meretgeldi Nurgeldiýew 3-nji orunlara mynasyp bolmagy başardylar. Bu ýaryşda türgenlerimiz welaýatlaryň arasynda birinjiligi eýelediler.
Ýaryşda ýeňiji bolanlara welaýat bedenterbiýe we sport baradaky baş müdirliginiň Hormat hatlary gowşuryldy.
Aýdogdy ATABAÝEW.