Hormatly Prezidentimiziň tagallalary bilen ýurdumyzda bedenterbiýäni we sporty ösdürmekde giň möçberli işler durmuşa geçirilýär. Sporta höwesek ýaşlaryň sport bilen meşgullanmaklary üçin ähli mümkinçilikler döredilýär. Bu bolsa türkmen türgenleriniň dürli ýaryşlarda şowly çykyş edip, ýeňiş gazanmaklaryna mümkinçilik berýär.
Şeýle ýaryşlarda sport mekdebimiziň türgeniniňem uly üstünlik gazanandygy guwanjymyzy goşalandyrýar. Mekdebimiziň ezber türgeni Kakamyrat Annamyradowyň şowly çykyşy hem ýokarda ýatlanymyza aýdyň mysaldyr. Has takygy, agyr atletikaçy türgenimiz K.Annamyradow Gazagystan döwletinde agyr atletika boýunça Aziýa döwletleriniň arasynda geçirilen çempionatda 2-nji orna eýe bolmagy başaryp, türkmen sportunyň abraýyna abraý goşdy. Bizem ussat türgenimize geljekde-de üstünlikleriň hemra bolmagyny arzuw edýäris.
Garýagdy AŞYROW.








