Döwlet Baştutanymyzyň tagallalary bilen ýurdumyzda bedenterbiýäni we sporty ösdürmekde uly işler bitirilýär. Şeýle işleriň netijesinde Türkmenistanyň halkara sport abraýy ýokarlanýar. Indi türgenlerimiziň halkara ýaryşlarynda gazanýan uly üstünlikleri il-günümizde guwanç duýgusyny döredýär. Munuň özi ýurdumyzda sporty ösdürmekde ýetilýän belent sepgitlere şaýatlyk edýär.
Türgenlerimiziň dürli ýaryşlarda şowly çykyş etmeklerine saldamly goşant goşýan tejribeli tälimçileriň birem Ahmet Hanowdyr. Ol Mary şäherindäki köpugurly sport toplumynda ýaşlara el söweşi boýunça tälim berip, olaryň diňe bir welaýat we döwlet derejesindäki ýaryşlarda däl, eýsem, halkara ýaryşlarynda-da ýokary görkezijileri gazanmaklarynda uly işleri bitirýär. Ezber tälimçi indi on ýyldan gowrak wagt bäri türgenlere el söweşi boýunça tälim berip gelýär.
— Hormatly Prezidentimiziň sporty ösdürmekdäki tagallalary ýerine düşýär. Bu hakykata türgenlerimiziň halkara ýaryşlarynda gazanýan üstünliklerem güwä geçýär. Sportuň islendik görnüşem erjelligi, dogumlylygy we tutanýerliligi talap edýär welin, el söweşi boýunça meşgullanmakda ýokardaky ýatlanlarym has-da zerur. El söweşinde ýeňiş gazanmak üçin ykjam taplanmaly. Çalasyn, takyk hereketiň ýeňşe çäksiz ynamyň bilen utgaşmaly — diýip, ezber tälimçi Ahmet Hanow gürrüň berýär.
Tejribeli tälimçi Ahmet Hanow Türkmenistanyň Hanmungo Söweş Sungaty Federasiýasynyň tälimçisi bolmak bilen, ol Türkmenistanyň ýygyndy toparynyňam tälimçisidir. 2024-nji ýylda Özbegistan döwletiniň Daşkent şäherinde geçirilen halkara ýygnagynda Ahmede dünýä eminliginiň 2-nji derejesi berilýär. Şeýle ynam tötänden däldir. Çünki, tejribeli tälimçiniň türgenleri dünýä çempionatlarynda, halkara ýaryşlarynda şowly çykyş edip, Türkmenistanyň sport abraýyna abraý goşýarlar. 2024-nji ýylyň awgust aýynda Gyrgyzystanyň Çolpan-ata şäherinde 15 döwletiň türgenleriniň gatnaşmagynda geçirilen ýaryşda bu tälimçiniň türgenleri Mustafa Soltanow, Arslan Mommadow, Amangeldi Garabekow dagylar 2-nji orna, Umyt Muhammetgeldiýew bolsa 3-nji orna mynasyp boldular. 2024-nji ýylyň oktýabrynda 45 döwletiň gatnaşmagynda Özbegistanyň Buhara şäherinde geçirilen dünýä çempionatynda A.Hanowyň türgenleri 3-nji orny eýelemegi başardylar. 2025-nji ýylyň aprelinde Russiýanyň Moskwa şäherinde geçirilen dünýäniň kubogyny almak ugrundaky ýaryşda A.Hanowyň türgenleri Gulmyrat Mommadow, Kuwwat Ataýew 3-nji orny eýeleseler, şol ýylda Gyrgyzystanyň Çolpan-ata şäherinde 35 döwletiň gatnaşmagynda geçirilen halkara ýaryşynda bu tälimçiniň türgeni Amangeldi Garabekow 1-nji orna mynasyp boldy. Şeýle hem A.Hanowyň türgenleri Özbegistanyň Samarkant şäherinde geçirilen dostluk kubogy ugrundaky halkara ýaryşynda uly ýeňiş gazandylar. 2025-nji ýylyň noýabr aýynda Taýland patyşalygynyň Paýa şäherinde 35 döwletiň gatnaşmagynda geçirilen Aziýa çempionatynda tejribeli tälimçiniň türgeni Amangeldi Garabekow 1-nji orny eýelemegi başardy.
Şu günler tälimçi A.Hanow türgenlerini degişlilikde geljek ýylyň fewral we oktýabr aýlarynda Germaniýa we Türkiýe döwletlerinde geçiriljek Ýewropa çempionatyna we halkara ýaryşyna taýýarlaýar. Bizem ezber tälimçi Ahmet Hanowa we türgenlerine uly üstünlikleri arzuw edýäris.
Galina RAHIMOWA.








