Hawa, tomus paslynyň gelmegi bilen dynç alyş merkezleri güýçli depginde herekete başlady. Mekdep okuwçylary, talyplardyr mugallymlar — umuman ähli ildeşlerimiz tomus paslynyň ajaýyp günlerini, sapaly hem şypaly geçirmek üçin ýurdumyzyň dürli künjeginde hereket edýän sagaldyş we dynç alyş merkezlerine, şypahanalara gidýärler. Ynsan saglygyny dikeltmekde ähli mümkinçilikleri bolan şypahanalaryň ählisi tomus paslynda has-da köp adamly bolýar.
Şeýle ajaýyp saglyk ojaklarynyň biri-de welaýatymyzyň Baýramaly şäherinde ýerleşýän “Baýramaly” şypahanasydyr.
Arassa, tämiz howasy, jana şypaly bejergileri, özüniň aýratynlyklary bilen beýleki şypahanalardan tapawutlanýan “Baýramaly” şypahanasy, indi ençeme ýyl bäri halkyň hyzmatynda. Bir wagtda 800-e golaý raýata dynç hem bejergi berýän şypahananyň gür baglyga, gül-gülzarlyga beslenmegi bu ýere gelýän raýatlarymyzyň ruhuny has-da belende göterýär. Gün şöhlesiniň iň köp düşýän ýeri hökmünde tapawutlanýan şypahanada adamlaryň dynç almagy, saglygyny dikeltmegi üçin ähli şertler döredilip, iň kämil tehnologiýaly bejeriş enjamlary ulanylýar. Onda elektroforez, lazer bejergi, dürli görnüşli galwaniki toklar, fizio-bejergiler, mundan başga-da, owkalamagyň dürli görnüşleri raýatlara lukmanlaryň görkezmesi esasynda bellenilýär. Bu ýerde oturdylan döwrebap lukmançylyk enjamlary adamyň gan aýlanyşygyny, daýanç hereketlerini, böwregiň, ýüregiň, gan-damar hem-de merkezi nerw ulgamlarynyň işini kadalaşdyrmaga kömek edýär.
“Baýramaly” şypahanasynda mineral wannalar üçin 870 metr çuňlukdaky dik guýudan çykýan hlorid-natriý mineral suwy ulanylýar. Mundan başga-da, ynsan saglygyny duzly we ýodly howa bilen bejerýän ýöriteleşdirilen otaglar hem bar. Döwrebap şypahanada Günüň şöhlesiniň täsiri astynda bejeriş usullarynyň bardygyny hem aýratyn bellemek gerek. Şypahananyň Gün wannasy diýlip atlandyrylýan ýerinde bolsa, bir wagtyň özünde adamlaryň 50-si bejergi alyp bilýärler. Lukmanlar bu usulyň böwrek-peşew ýollaryny bejermekde uly ähmiýetiniň bardygyny aýdýarlar.
Şypahananyň sport zalynda hem ynsan saglygyny bejermekde giň mümkinçilikler döredilendir. Raýatlaryň sport enjamlarynyň kömegi bilen bejerilmegi hem olar üçin örän peýdaly hem täsirlidir.
Ynsanyň göwnüni howasy, owadanlygy bilen göterýän şypahananyň giň we döwrebap naharhanasynda bolsa, dynç alýanlaryň kadaly iýmitlenmegi üçin uly alada edilýär. Raýatlar diňe bir bejergi usullary bilen däl, eýsem, berhizli tagamlar bilen öz saglyklaryny dikeldýärler. Çaýhanada Gahryman Arkadagymyzyň “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly köp jiltli ylmy-ensiklopedik kitabynda beýan edilýän dermanlyk ösümliklerden taýýarlanylýan melhem çaýlarynyň dürli görnüşleriniň raýatlara hödür edilmeginiň özi hem ynsan saglygy ugrunda uly aladanyň edilýändigini äşgär edýär.
Şypahananyň ajaýyp howasyndan, eli ýeňil lukmanlaryň bejergilerinden hoşal bolýan ildeşlerimiz ynsan saglygy ugrunda aladalanyp, bimöçber işleri durmuşa geçirýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza köp sagbolsunlaryny aýdýarlar.
Sülgün ŞADYÝEWA.








