Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň parasatly syýasaty netijesinde türkmen halkynyň maddy hal-ýagdaýy gowulandy. Şeýle eşretiň bir bölegi tebigy gaz bolup, iň amatly ýangyç hökmünde ol öýlerimizde pugta ornaşdy. Ýöne gazyň örän howpludygyny unutmak bolmaz. Şonuň üçinem ony ulanan mahalyňyz örän seresap bolup, howpsuzlyk düzgünleri berk berjaý edilmelidir. Sebäbi, şol düzgünleriň berjaý edilmezliginiň partlamalara, ýangynlara we ýanan gazdan emele gelen zäherli galyndylar bilen zäherlenmek ýaly hadysalaryň ýüze çykmagyna getirmegi ahmaldyr.
Gaz bilen baglanyşykly bolan
betbagtçylykly ýagdaýlaryň ýüze çykmazlygy üçin aşakdaky
düzgünleri berjaý edeliň:
- gaz enjamlaryny ulanmazdan ozal olaryň guratlygyny barlap görüň;
- gaz enjamynyň burmasyny (krandyny) açmazdan ozal ýakylgy otluçöpi ýa-da çakmagy oduň ýanýan ýerine (gorelkasyna) golaý eltiň;
- gaz enjamynyň — howurpejinde ot ýakmazdan öňürti ony 2-3 minutlap ýelejiretmeli;
- gaz enjamlaryny ulanýan mahalyňyz penjireleri açyp goýuň;
- tüsseçykaryjysy bolan gaz enjamlaryny her gezek açan (işleden) mahalyňyz onuň tüsse çekişini barlamaly. Munuň üçin ýakylan otluçöpi ýa-da çakmagy ot ýanýan ýeriniň deşijegine golaý tutup görüň. Eger ýalyn telpejigiň (kolpagyň) aşagyna ýa-da ot ýanýan ýerine tarap sorulsa, onda turbanyň dartyşy bar, eger-de ýalyn bir gapdala sowulýan bolsa, onda turbanyň tüsse çekişiniň ýok boldugy. Gaz bilen zäherlenmezlik üçin şonuň ýaly dartyşy bolmadyk gaz enjamlaryndan peýdalanmak gadagandyr.
Gaz enjamlaryny ulanýanlara
şu aşakdakylar gadagan edilýär:
- işläp duran, ýagny, ýanyp duran gaz enjamlaryny gözegçiliksiz galdyrmak;
- kiçi ýaşly çagalara gaz enjamlaryndan peýdalanmaga ýol bermek;
- jaýlary gazlaşdyrmak işlerini rugsatsyz, özbaşdak geçirmek we gaz enjamlaryny gaýtadan oturtmak hem-de çalşyrmak;
- ýanýan oduň kömegi bilen gazyň syzýan ýerini gözlemek;
- jaýyň içini gyzdyrmak maksady bilen gaz plitalaryndan peýdalanmak.
Gazyň ysy peýda bolan mahalynda şu aşakdaky çäreleri geçirmeli:
- haýal etmän, gaz enjamlaryndan peýdalanmagy bes etmeli we gaz enjamlaryna gelýän hem-de gaz enjamlaryndaky burmalary (krantlary) ýapmaly;
- içerä şemal çaldyrmak üçin penjireleri we gapylary açmaly;
- elektrik enjamlaryny işletmeli däl, eger olar ozaldan işläp duran bolsa olary öçürmeli hem däl;
- ot ýakmaly däl we çilim çekmeli däl;
- «04» belgili telefon boýunça gaz hojalygyna habar bermeli.
“Marygazüpjünçilik” müdirligi.








