Ýakynda şeýle at bilen mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 34 ýyllygy hem-de hemişelik Bitaraplygymyzyň 30 ýyllygy mynasybetli Mary şäheriniň çagalar çeperçilik mekdebinde zehinli okuwçylaryň arasynda surat çekmek bäsleşigi geçirildi. Türkmenistanyň Tebigaty goramak jemgyýetiniň welaýat bölüminiň guramagynda geçirilen bu bäsleşige ýokarda ady agzalan çeperçilik mekdebiniň, «Altyn nesil» çagalar we ýetginjekler döredijilik öýüniň hem-de etrap-şäher çagalar sungat mekdepleriniň okuwçylary gatnaşdylar.
Bu ýere gelenler, ilki bilen, mekdebiň sergi zalyna aýlanyp, okuwçylaryň tebigatyň täsin gözelliklerini beýan edip çeken suratlary bilen ýakyndan tanyş boldular. Ýaş suratkeşleriň mekdebiň giň howlusynda guralan, gözel tebigatymyzy janlandyrýan ajaýyp eserleriniň hem-de welaýat çagalar kitaphanasynyň türkmen tebigatyny beýan edýän gymmatly kitaplarynyň sergisi her bir okuwçyda uly gyzyklanma döretdi.
«Tebigata söýgi — Watana söýgi» atly surat çekmek bäsleşigine gatnaşan zehinli okuwçylar türkmen tebigatynyň gözelliklerini suratyň üsti bilen çeper beýan edip, ukyp-başarnyklaryny görkezdiler. Onda Türkmenistanyň Tebigaty goramak jemgyýetiniň welaýat bölüminiň, welaýat çagalar kitaphanasynyň, TMÝG-niň welaýat geňeşiniň wekilleri hem-de Mary şäheriniň çagalar çeperçilik mekdebiniň mugallymlary biri-birinden tapawutlanyp, özara bäsleşen okuwçylaryň çeken täsirli suratlaryna gowy baha berip, olara geljekde-de uly üstünlikleri arzuw etdiler.
Netijede, 1-2-3-nji orunlara mynasyp bolan zehinli okuwçylara TMÝG-niň welaýat geňeşiniň ýadygärlik sowgatlary, şeýle hem öňdäki orunlary eýelän we bäsleşige gatnaşan okuwçylara Türkmenistanyň Tebigaty goramak jemgyýetiniň welaýat bölüminiň höweslendiriji baýraklary we Hormat hatlary dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.
Bahargül MEJIDOWA.








